Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Russiýadaky terrorizm bilen ilteşikli çykarylan “gädik” hökümleri tankytlady


Russiýanyň Penza şäherinde terrorist toparynyň agzalary bolmakda aýyplanýanlar sud edilýär. 10-njy fewral, 2020 ý.
Russiýanyň Penza şäherinde terrorist toparynyň agzalary bolmakda aýyplanýanlar sud edilýär. 10-njy fewral, 2020 ý.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy rus resmilerine ýüzlenip, hökümetiň tankytçylary bilen “konstruktiw dialoga” geçmäge, şeýle-de ýurduň terrorçylyga garşy kanunyny olary sem etmek üçin ‘hyýanatçylykly” ulanmazlyga çagyrdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama bu baradaky çagyryşyny 12-nji fewralda çap etdi.

Çagyryşda şu aýyň başynda Russiýanyň harby sudlarynyň “çuňňur gädilen” diýlip häsiýetlendirilen üç terrorizm işi boýunça “ýowuz” hökümleri çykarandygy bellenilýär. Bu işler boýunça aýyplanýanlar özleriniň üzňelikde saklanandygyny we “aýyplamalary boýun almagy üçin gynalandyklaryny” aýtdylar.

5-10-njy fewral aralygynda, biri-birinden aýry işler boýunça, umumy hasapda 18 aýyplanýan 23 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi.

“Şübhelenýänler adalatly sud edilmedi. Olara çykarylan hökümler ýatyrylyp, şeýle-de basyş edilendigi baradaky aýyplamalar derňelmeli” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.

XS
SM
MD
LG