Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak üçin ‘gowy’ mümkinçilik bar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu aýyň aýagyna çenli Birleşen Ştatlar bilen “Talyban” toparynyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin wada beriji yşaratlaryň bardygyny aýtdy.

Şertnamanyň baglaşylmagy üçin “gowy” mümkinçilikler bar diýip, Tramp 13-nji fewralda iHeart Radio media ulgamynyň podkastynda belledi.

Şertnamanyň şertleriniň ylalaşylyp-ylalaşylmandygy soralanda, Tramp: “Meniň pikirimçe, biz muňa golaýladyk... Şertnamanyň baglaşylmagy üçin gowy mümkinçilik bar... Bu soňky iki hepdäniň içinde belli bolar” diýdi.

Prezidentiň bellikleri Katarda dekabrdan bäri ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda geçirilýän gepleşiklerde öňegidişlikleriň bardygyny alamatlandyrýan soňky yşaratlaryň biri boldy.

Mundan öň, goranmak sekretary Mark Esper bir hepdäniň dowamynda gazaplylygy togtatmak boýunça “taslama” barada ylalaşylandygyny mälim edipdi.

Ol harbylaryň ýurtdan çykarylmagynyň we jeňçi topary bilen geljekki gepleşikleriň gazaplylygyň derejesiniň peselmeginden soň başladyljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG