Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistandaky zawodyň işçisi aýlygyny doly alyp bilmändigi üçin, öz ýolbaşçysyna pyçakly topuldy


"Gyzylgumsement" paýdarlar jemgyýeti.
"Gyzylgumsement" paýdarlar jemgyýeti.

10-njy fewralda Özbegistanyň Nowaýy şäherindäki «Gyzylgumsement» paýdarlar jemgyýetinden bir işçi aýal ýanwar aýy üçin aýlygynyň kadadakydan 2,5 az berleni üçin, zawodyň direktorynyň hem hasapçysynyň üstüne pyçakly topulýar. «Gyzylgumsement» kärhanasynyň administrasiýasy bolan ýagdaýy tassyklady hem-de hadysadan soň pyçakly topulan aýalyň psihiki keselhana äkidilendigini aýtdy.

«Gyzylgumsement» paýdarlar jemgyýetinden waka şaýat bolanyň sözüne görä, hadysa 10-njy fewralda ýüze çykypdyr.

Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşiniň aýtmagyna görä, zawodyň işgärlerinden biri şol gün ýanwaryň aýlygyny almak üçin edara barypdyr. 3 milliona derek, 800 müň sum (85 dollara golaý) berilmegine, onuň erbet gahary gelipdir. Şondan soň aýal eline pyçak alyp, hasapçynyň üstüne topulypdyr, soňra zawodyň direktoryna hüjüm edipdir. Ýöne töwerekde duranlar ol aýaly saklapdyrlar.

Işçiniň sözüne görä, pyçakly hüjümden soň, zawodyň direktory ol aýaly psihiki keselhana ibermäge buýruk beripdir.

– Hakykatdanam, biziň kärhanamyzda şeýle hadysa ýüze çykdy. Häzir ýolbaşçylaryň üstüne pyçakly topulan aýal bilen kanun goraýjy guramalaryň işgärleri iş alyp barýar. Ýöne biziň direktorymyz ol aýaly psihiki keselhana ibermeli diýip buýruk beripdir diýilýäni hakykata laýyk gelenok. Direktoryň beýle hukugy ýok, psihiki klinika diňe suduň karary bilen iberilip bilner – diýip, «Gyzylgumsementiň» wekili aýdýar.

Ýöne ol wekil Azatlygyň žurnalistine näme üçin pyçakly hüjüm eden aýal hem «Gyzylgumsementiň» beýleki işçileri ýanwar aýy üçin özlerine bellenilen aýlygy alyp bilmediler diýen sowala jogap bermedi.

– Ol aýal her gün Nowaýy şäherinden biziň zawodymyzyň bölümi bolan Nurata şäherine gatnap işleýärdi. Nowaýy bilen Nurata şäherleriniň arasy 60 km. Şeýlelikde, ol aýal öýünden zawoda, zawoddan hem öýüne çenli her günde 120 km. ýol geçýär. Ol her günde ýol üçin azyndan 30 müň sum harçlamaly bolýar. Zawodda işleýänleriň ortaça iş haky 3-4 million sum (315 – 420 $) aralygynda, oňa bolsa bary-ýogy 800 müň sum töläpdirler. Şu ýagdaý hem aýaly kadadan çykarypdyr – diýip, «Gyzylgumsement» paýdarlar jemgyýetinden bir işgäri gürrüň berýär.

Bu zawodyň beýleki bir işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, diňe ol aýal däl, beýleki işgärler hem ýanwar aýy üçin adatdakydan 2,5 - 3 esse az aýlyk alypdyrlar.

– Zawodyň ýolbaşçylary işçileriň gahar-gazabyny getirýän hereketlere köp ýol berýärler. Meselem, men ýanwar aýynda bary-ýogy bir million sum (takmynan 100 $) aldym. Galan 3 millionymy saklap galdylar, nämemiş, men öz buldozerimdäki bolgarkany döwüpdirin. Ony bilgeşli döwmedim ahyryn, meniň işleýän buldozerim Sowet döwründen galan, ol örän köne, şonuň üçinem häli-şindi döwlüp dur. Buldozer her döwlende, ony öz jübimden tölejek bolsam, men nämä ýaşamaly? – diýip, zawodyň işçisi aýdýar.

Nowaýy şäheriniň içeri işler bölüminiň Derňew departamentiniň wekili Ulugbek Kenžaýew Azatlygyň žurnalistiniň ol hadysa baradaky soragyna jogap bermekden ýüz öwrüp, telefonyny baglady.

Bellemeli tarapy, soňky döwürde Özbegistanda çinownikleriň edýän kanunsyz hereketlerine garşy ilatyň fiziki gaýtawul bermegi köp ýüze çykýar.

Hususan-da, 10-njy fewralda Surhandarýa welaýatynyň Sariasiýo raýonyndan ýaşaýyş jaýy ýykylýan bir adam prezident Mirziýaýewiň portretini döşünden asyp, eline palta alyp, ýerli häkimlikden gelenleriň öňünden çykdy.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Samarkandyň ýaşaýjysy Diloram Rozikowany ýaşaýan kwartirasyndan mejbury ýagdaýda çykarmak barada suduň kararyny getiren Mejbur ediş býurosynyň işgärlerini oda bermek isledi.

Şol gün Andijanyň ýaşaýjysy Huşnud Goýipnazarow ýaşaýyş jaýynyň konfiskasiýa edilýändigine närazylyk bildirip, Mejbur ediş býurosynyň işgärleriniň gözüniň alnynda, özüni otlady. Birnäçe gün geçenden soň ol keselhanada ýogaldy.

2019-njy ýylda Kaşkaderýada bir adam öz dükanyny buldozer bilen ýykyp ýok etjek bolan raýon häkiminiň orunbasarynyň üstüne benzin sepip, ony oda berdi.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG