Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Ýewropanyň rus energiýasyna bolan garaşlylygyny peseltmek üçin $1 milliard hödürledi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň rus energiýa serişdelerine bolan garaşlylygyny peseltmek üçin, Waşingtonyň bu sebite 1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini goýbermäge taýýardygyny aýtdy.

Pompeo bu barada Mýuhen Howpsuzlyk Konferensiýasynyň ikinji gününiň dowamynda, 15-nji fewralda çykyş etdi.

Pompeo maliýe serişdeleriniň Ýewropa Bileleşiginiň Andriatik, Baltik we Gara deňizleriniň arasyndaky 12 döwletine goýberiljekdigini aýtdy. Awstriýadan galan gürrüňi gidýän döwletleriň ählisi NATO agzalarydyr.

Günbatar resmileriniň käbiri rus energiýa serişdelerine aşa garaşly bolmagyň howpludygyny aýdýarlar.

Russiýa Ýewropa uly mukdarda hem gazy, hem-de nebiti akdyrýar.

Pompeo öz çykyşynda mundan bir gün öň german prezidentiniň Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň dünýä derejesinde durnuksyzlygy döredýändigi baradaky belliklerine jogap berendigine hem çalym etdi.

“Men Trans-Atlantik ýaranlygynyň ölendigi baradaky maglumatlaryň juda çişirilýändigini begenç bilen aýdýaryn. Günbatar ýeňýär. Biz muny bilelikde edýäris. Günbatar ýeňýär, azatlyk we demokratiýa ýeňýär” diýip, Pompeo belledi.

Pompeo 2014-nji ýylda Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegini göz öňünde tutup, käbir ýurtlarda heniz hem “imperiýa hyýallarynyň” bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG