Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidentiniň dogduk obasy welaýat merkezine öwrülýär


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň dogduk topragy saýylýan obada gurlan Dangara döwlet uniwersitetiniň binasy.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň dogduk topragy saýylýan obada gurlan Dangara döwlet uniwersitetiniň binasy.

Dangara Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň kiçi watany saýylýar. Ol ýere soňky ýyllarda inwestisiýanyň uly bölegi goýberilip başlandy. Bu ilatly punkty welaýatyň administratiw merkezi etmek göz öňünde tutulýar.

Emomali Rahmonyň çagalygy geçen ol posýolok häzir uly gurluşyklary başdan geçirýär. Paýtagt Duşenbeden 115 km. günorta-gündogarda ýerleşýän Dangarany şol sebitiň merkezi etmekligiň göz öňünde tutulýandygyny Täjigistanyň resmi wekilleri tassyklaýarlar.

Ol oba öň daýhançylyk bilen tanalýardy, obanyň ýaramly topragy däp boýunça oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanylyp gelindi. Indi bolsa ol ýerden täze jaýlar, fabrikler hem hem giň ýollar gurulýar.

Dangara aslynda Hatlon welaýatyna degişli, welaýatyň resmileri 7-nji fewralda ol ýerde ýerleşýän «birnäçe kompaniýalar hem guramalar» posýology şäher derejesine öwürýär diýdiler.

«Ol ýerde administratiw merkeziň döredilmegi üçin, birnäçe gurluşyk proýektleriň amala aşyrylmagyna ýyllar gerek bolar» diýip, welaýatyň häkimi Kurbon Hakimzoda aýdýar.

Hakimzoda Dangaranyň haçan sebitiň merkezi boljakdygyny takyk mälim etmedi.

«Entek köp mukdardaky maliýe serişdeleri gerek – diýip, Hakimzoda belleýär. – Ýöne bir zady takyk aýdyp biljek; bu ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna (ol 2021-nji ýylyň sentýabrynda bolar) ýetişmez. Belki, az-kem soňrak bolar. Ony wagt görkezer».

Dangara posýologynda alnyp barylýan täze senagat obýektleri
Dangara posýologynda alnyp barylýan täze senagat obýektleri

Welaýat häkiminiň bu beýanaty Dangaradaky şäher gurluşyk bölüminiň başlygy Şukrullo Bahtiýoryň beren maglumatyndan bir gün soň mälim edildi. Gurluşyk ýolbaşçysy geljekki administratiw merkeziň baş planynyň eýýäm makul edilendigini aýdypdy. Ýöne Şukrullo dokumentiň doly tassyklanmandygyny hem sözüne goşdy.

Şukrullo Bahtiýoryň 6-njy fewralda aýtmagyna görä, häzir Dangarada alnyp barylýan onlarça gurluşyk binalarynyň hem obýektleriň plany, şol sanda uly medeniýet köşgüniň gurluşygy resmiler tarapyndan öwrenilýär.

Dangaranyň öňki administrasiýa ýolbaşçysy 2017-nji ýylda posýology özgertmek baradaky baş planyň 6 müň gektar ýeri öz içine alýandygyny aýdypdy.

Hatlon welaýatynyň bilim uprawleniýasynyň ýolbaşçysy Dilowar Isozoda öňräk Dangarada özüniň ýolbaşçylyk edýän pudagyna degişli 8 gatly binanyň gurulýandygyny mälim etdi. Täjigistanda welaýata degişli döwlet edaralary şol sebitiň administrasiýa merkezinde ýerleşýär.

Entek Dangaranyň Hatlon welaýatynyň merkezi boljakdygy ýa-da hökümet bu sebiti ikä bölüp, Dangarany bir merkezi şäher etjekmi – ol belli däl. Sebäbi 1992-nji ýylda öňki Kulýab hem Kurgan-Tube welaýatlary birleşdirilip, Hatlon welaýaty döredilipdi.

BU ÝERDE GEŇ ZAT ÝOK

Dangaranyň sebitiň merkezi boljakdygy baradaky habarlar Täjigistanda hiç kimi geň galdyrmaýar. Awtoritar prezidentiň dogduk topragyna soňky ýyllarda «aýratyn ähmiýet berilýär».

Hökümetler 2012-nji ýylda bu ýerde Dangara döwlet uniwersitetiniň gurluşygyna başladylar. Adatda bolşy ýaly, Täjigistanyň ýokary okuw jaýlary uly şäherlerde ýerleşýär. Dangaradaky uniwersitet jaýy üçin birnäçe binadan ybarat korpuslar guruldy. Onuň alnynda beýik sütünli eýwany hem depesinde ak gümmezi bar.

2016-njy ýylda Dangarada Hatlon medisina uniwersitetiniň täze gapysy açyldy. Ol Täjigistandaky iki medisina uniwersitetiň biridir, beýleki uniwersitet paýtagt Duşenbede ýerleşýär. Dangaradaky okuw jaýy açylýança, hökümetler Hojantdaky medisina uniwersitetini «onuň geregi ýok» diýip ýapdylar. Hojant bolsa Täjigistandaky ikinji uly şäher hasaplanýar.

Prezident Emomali Rahmon öz dogduk obasynyň ähmiýetini götermek üçin, 2010-njy ýylyň martynda, Nowruz baýramy gününde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hut şol ýerde garşylapdy. Täzeden gurnalan 10 müň adamlyk stadionda baýramçylyk konserti guraldy hem baýramçylyk naz-nygmatynyň festiwaly geçirildi.

Täjigistanyň prezidentiniň dogduk mekany Dangara raýonyndaky «Hutalon» goraghanasyndaky akguýruk sugunlar. 2018-nji ýylda E. Rahmonyň hut özi şeýle aýratyn 60 sugunyň ýaşamagy üçin, goraghananyň açylmagyny öňe sürdi.
Täjigistanyň prezidentiniň dogduk mekany Dangara raýonyndaky «Hutalon» goraghanasyndaky akguýruk sugunlar. 2018-nji ýylda E. Rahmonyň hut özi şeýle aýratyn 60 sugunyň ýaşamagy üçin, goraghananyň açylmagyny öňe sürdi.

160 müň çemesi ilaty bolan Dangara raýonyna häzir inwestisiýalaryň uly akymy barýar. Soňky wagtda bu ýerde tekstil-dokma kompleksiniň, nebiti gaýtadan işleýän zawodyň, sement zawodynyň hem-de partlaýjy serişdeleri öndürýän zawodlarynyň işe girizilmegi müňlerçe iş orunlaryny döretdi. Işsizlik – Täjigistandaky iň möhüm meseläniň biri bolup durýar.

Emomali Rahmon 1992-nji ýylda häkimiýet başyna gelipdi, şondan bäri-de ol Täjigistany bir özi dolandyryp gelýär. Ony esasy möhüm döwlet wezipelerine öňki Kulýab welaýatynyň Dangara sebitinden bolan öz ildeşlerini çekýändigi üçin häli-şindi tankyt edýärler. Ýurduň Içeri işler ministri, Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň başlygy, Serhet gullugy, telewideniýe baradaky döwlet komiteti we beýleki möhüm orunlara prezidentiň ildeşleri ýolbaşçylyk edýärler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG