Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olimpiadanyň başa barmazlyk howpy bar. Koronawirus sport ýaryşlaryna päsgelçilik döredýär


Gazagystanly boksçylar halkara ýaryşyna barýar. Illýustrasiýa suraty.
Gazagystanly boksçylar halkara ýaryşyna barýar. Illýustrasiýa suraty.

Hytaýyň Wuhan şäherinden ýaýran koronawirus sport ýaryşlarynyň planlaşdyrylyşyna düýpli üýtgeşme girizdi. Ýokanç wirus sebäpli fewral-aprel aýlary aralygynda bellenen köp ýaryşlar ýatyryldy. Tokiodaky tomusky Olimpiada oýunlary 24-nji iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçmeli, ýöne oýunlaryň boljagy howp astynda.

«WIRUS OLIMPIADA PÄSGEL BERER DIÝIP GORKÝAS»

Gazagystanyň boks boýunça ýygyndy komandasy şu ýylyň ýanwar aýynda Olimpiada gatnaşmak üçin geçirilýän saýlama bäsleşige taýýarlandy. Ýaryş 3 – 14-nji fewral aralygynda Hytaýyň Wuhan şäherinde geçmelidi. Saýlama ýaryşa taýýarlanmak üçin, Alamty şäherindäki türgenleşik merkezine Kubadan, Ýaponiýadan hem Wengriýadan boksçylar geldiler. Gazagystanly boksçylar türgenleşigi tamamlap, Hytaýyň Wuhan şäherine uçmalydy. Türgenler üçin wizalar taýýar edildi. Ýöne 22-nji ýanwarda Halkara olimpia komiteti ol ýerde koronawirusyň öjügendigi sebäpli ýaryşyň ýatyrylandygy hem başga şähere geçirilendigini mälim etdi. Indi saýlama ýaryş 3 – 11-nji mart aralygynda Iordanyň paýtagty Amman şäherinde geçiriler.

Hytaýa uçmaly boksçylar öz sport ukyplaryny ýitirmezlik üçin, häzir Nur-Sultan şäherinde türgenleşýärler.

«Bize ýene bir türgenleşik toplumyny geçirmek zerur boldy. Häzir olar taýýarlanýarlar. Boksçylar saýlama ýaryşlaryň başga şähere geçirilmegi alada edip baranoklar» diýip, Gazagystanyň baş treneri Galymbek Kenžebaýew Olympic.kz. saýtyna beren interwýusynda aýtdy.

Kenžebaýewiň sözüne görä, boksçy türgenleriň esasy maksady – Tokio Olimpiadasyna rugsat gazanmak, olar üçin saýlama oýunlaryň nirede geçýändiginiň parhy ýok. Ýöne koronawirusyň ýaýramagy bilen Ýaponiýada geçjek tomusky Olimpiada hem howp abanýar.

Gazagystanly boksçy Kaýrat Eraliýew (gyzyl eşikde) Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçýän dünýä ýaryşynda.
Gazagystanly boksçy Kaýrat Eraliýew (gyzyl eşikde) Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçýän dünýä ýaryşynda.

Olimpiadany gurnaýjylar ol wirusyň sanly günüň dowamynda şeýle çalt ýaýramagyna alada bildirýärler. Tokioda geçmeli Olimpiada oýunlarynyň wagtlaýyn guramaçylyk direktory Toşiro Muto «Hytaý ýakyn wagtyň içinde ol wirusyň öňüni alar» diýip umyt edýär.

«Biz ol wirusyň çalt ýaýramagyna alada bildirýäris, munuň Olimpiýa oýunlarynyň geçmegine päsgel bermeginden gorkýarys» diýip, ol 5-nji fewralda aýtdy.

Halkara olimpiada komiteti bolsa öz ekspertleriniň häzirki wagtda Bütindünýä saglyk guramasy bilen maslahat geçirýändigini hem-de Tokio Olimpiadasyna taýýarlyklaryň ýene dowam etjekdigini aýdýar. Eger maý-iýun aýlaryna çenli bu wirusyň öňi alynmasa, Tokiodaky Olimpiadanyň başa barmazlygy mümkin diýip, käbir bilermenler çaklaýar.

Häzire çenli Olimpiada oýunlary uruş ýyllarynda hem syýasy konfliktler bolan döwründe ýatyrylypdy. Ýöne Olimpiýa oýunlaryna haýsydyr wirus ýa ýokanç kesel päsgel bermändi. Iň soňky geçen 2016-njy ýyldaky Olimpia oýunlary döwründe Zika wirusy ýaýrapdy. Şol wirusdan gorkup, käbir sportsmenler Rio-de-Žaneýro ýaryşyna gatnaşmakdan ýüz öwürdiler. Ýöne Rio Olimpiadasy döwründe Zika wirusy bilen dümewlän ýeke oýunçy hem bolmady.

HYTAÝDA ÝENE HAÝSY ÝARYŞLAR GEÇIRILMEZ?

Pekin ýurduň futbol ýaryşyny togtatdy. Şeýle hem Hytaýda Aziýa çempionlary Ligasynyň ýaryşy geçirilmez. Ýöne Hytaýyň komandasy başga ýerde boljak ýaryşa gatnaşar.

Aýallaryň arasynda basketbol boýunça Olimpiada hukuk aljak saýlama oýunlar Hytaýdan Serbiýa geçirildi. Mart aýynda Nankinde geçirilmeli ýapyk binalardaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty 2021-nji ýyla geçirildi. Şanhaýda hem «Formula - 1» tapgyry geçirilmez, ol ýaryş 19-njy aprele bellenipdi. Şeýle hem Hytaýda dag lyža sporty boýunça dünýä kubogy, suwa bökmek ýaryşy, badminton boýunça China Masters bäsleşigi geçirilmez.

Gazagystanyň ýygyndy komandasy suw meýdanynda. Guançžou. 2010-njy ýyl.
Gazagystanyň ýygyndy komandasy suw meýdanynda. Guançžou. 2010-njy ýyl.

Koronawirusyň ýaýramagy sebäpli Gazagystan resmileri ýurduň paýtagty Nur-Sultanda geçirilmeli iki ýaryşy ýatyrdy. Olaryň biri Tokio Olimpiadasy üçin erkekleriň arasyndaky suw meýdanyndaky saýlama ýaryşdy. Bäsleşik 12 -16-njy fewral aralygynda geçmelidi. Ýaryşa Gazagystandan daşary-da Hytaý, Eýran hem Günorta Koreýa gatnaşmalydy. Häzirlikçe ol saýlama oýunlaryň nirede geçjekdigi belli däl. Mundan daşary-da, Gazagystanyň resmileri 5 – 8-nji fewral aralygynda aýallaryň arasyndaky tennis Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçirilmejegini mälim etdi. Tennis bäsleşigini geçirmek owal başda Hytaýda bellenipdi, wirus sebäpli ol ýatyrylyp, Gazagystanda geçirmek teklip edilipdi. Ýöne aktiwistler muna garşy çykyş etdiler, netijede ol başa barmady.

Mundan daşary-da , halkara derejesinde geçýän ýaryşlaryň birnäçesine hytaýly türgenler gatnaşyp bilmezler, sebäbi Hytaýyň graždanlaryna wiza bermek çäklendirilýär. Meselem, Hytaýdan bolan Judo göreşine gatnaşyjy pälwanlar 8-9-njy fewralda Parižde geçirilen Grand Slam ýaryşyna gatnaşyp bilmediler. Hytaýyň aýallar hem erkekler ýygyndy komandasy Norwegiýada hem Russiýada geçýän bandy – açyk stadiondaky buz üstündäki dünýä ýaryşyna gatnaşyp bilmezler.

Koronawirusyň öjükmegi sebäpli Hytaýyň doping barlag laboratoriýasy öz işini togtatdy.

Hytaý häkimiýetleriniň maglumatyna görä, ýurduň türgenleri töweregi ýapyk ýerlerde Tokio Olimpiadasyna taýýarlanýarlar.

Häzirki wagtda tomusky Olimpiada oýunlarynyň geçjek ýurdy bolan Ýaponiýada koronawirus ýokaşan 30-dan gowrak adam hasaba alyndy, ýöne şol wirus sebäpli ölen adam ýok. Emma Ýaponiýanyň bir graždanini Hytaýda şol wirusdan ýogaldy.

Koronawirusyň dörän ojagy bolan Wuhan şäheri deňiz önümleriniň esasy bazarlaryndan biri saýylýar. Käbir habar serişdeleriniň maglumatyna görä, şol bazarlar ýapylýança, ýagny 1-nji ýanwara çenli ol bazarlarda diňe deňiz önümleri däl, ýarganatlar, guşlar, towşanlar hem ýylanlar açyk däl ýagdaýda satylypdyr. Häzirki wagtda Hytaý jandarlary ýa-da olaryň etini satýan ähli bazarlary ýapdy.

30-njy ýanwarda Dünýä saglyk guramasy koronawirusyň ýaýramagy sebäpli halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Köp ýurtlar Hytaýyň graždanlaryna wiza bermegi çäklendirdiler, awiakompaniýalar Hytaýa uçýan reýsleri birden azaltdylar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG