Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Balkan ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary goldamak isleglerini beýan etdiler


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula won der Leýen (Ursula von der Leyen)
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula won der Leýen (Ursula von der Leyen)

16-njy fewralda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Balkan ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary goldamak baradaky isleglerini beýan etdiler. Bu waka, ýakynda Albaniýanyň we Demirgazyk Makedoniýanyň agzalygy üçin umytlar çat açandan soňra, Bileleşigiň Balkan ýurtlary bilen ynamy saklamaga synanyşýan mahalyna gabat geldi.

“Meniň pikirimçe Günbatar Balkan [ýurtlaryny], bolup bildiginden, Ýewropa Bileleşigine ýakyn etmek biziň umumy geostrategik bähbidimizdir” diýip, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula won der Leýen (Ursula von der Leyen) aýtdy.

Leýen bu barada 16-17-nji fewralda Brýusselde geçirilen näresmi ÝB-Günbatar Balkan duşuşygynyň çäginde çykyş etdi.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarles Mişel (Charles Michel) şu ýylyň maý aýynda Zagrebde geçiriljek möhüm sammitiň öňýanynda, alty Günbatar Balkan ýurdunyň liderleri bilen “akgöwünli, depginli we açyk diskussiýa garaşýandygyny” aýtdy.

Albaniýa we Makedoniýa tarapyndan amala aşyrylan möhüm reformalara garamazdan, geçen ýylyň oktýabrynda bu ýurtlara Ýewropa Bileleşigine agza bolmak baradaky gepleşikleriň soňa goýulýandygy aýdyldy.

XS
SM
MD
LG