Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak howpsuzlyk gulluklary terror hüjümleriniň öňüni aldy


Milli Howpsuzlyk Komiteti (KNB) şübhelenýänleriň Almatyda tussag edilendiklerini aýtdy.
Milli Howpsuzlyk Komiteti (KNB) şübhelenýänleriň Almatyda tussag edilendiklerini aýtdy.

Gazak resmileri ençeme terror hüjüminiň öňüni alandyklaryny, şeýle-de bulary gurnan “zyýanly dini kult” diýip häsiýetlendiren toparynyň iki tarapdaryny tussag edendiklerini aýtdylar.

Milli Howpsuzlyk Komitetiniň (KNB) 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän şahsyýetler Gazagystanyň iň uly Almaty şäherinde tussag edilipdirler. Suduň tussaglyk baradaky degişli hökümi 14-nji fewralda çykaryldy.

KNB şübhelenýänleriň öýlerinde geçirilen gözleg işlerinde partladyjy enjamlary we nyşana alynmaly ýerleriň suratlaryny tapandygyny aýtdy.

Tussag edilenlere terror hüjümini gurnamak we terrorizmiň propogandasy boýunça aýyplamalar bildirilýär.

KNB derňewiň dowam edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG