Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE ozalky täjik meýdan komandirini Duşenbä ekstradisiýa etdi


Ozalky täjik meýdan komandiri Huja Karmiow
Ozalky täjik meýdan komandiri Huja Karmiow

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Täjigistanda adam öldürmekde, ogurlykda, adam gaçyrmakda we beýleki jenaýatlarda aýyplanýan ozalky täjik meýdan komandirini yzyna ekstradisiýa etdi.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň 17-nji fewralda beren maglumatyna görä, Huja Karimow Duşenbä ekstradisiýa edilipdir. Karimow Täjigistandaky bäş ýyllyk graždançylyk urşunyň dowamynda hökümet güýçleriniň komandiri bolupdy.

Ol 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde Täjigistanyň haýyşy boýunça tussag edilipdi.

Täjigistandaky 1992-1997-nji ýyllar aralygyndaky graždançylyk urşunda liberal demokratik reformaçylardan düzülen jeňçi toparlary we yslamçylar Russiýa tarapyndan goldanylýan täjik hökümetiniň güýçlerine garşy söweşipdiler.

Konfliktde 20 müňden – 100 müň aralygynda adamyň ölendigi çaklanylýar.

Uruş bäsdeş taraplaryň Moskwada parahatçylyk ylalaşygyny baglaşanyndan soň tamamlandy.

Huja komandir lakamy bilen hem bilinýän Karimow konflikt döwründe özüniň rehimsizligi bilen tanalypdy.

Uruşdan soň, ol Goranmak Ministrligiň düzümindäki ýörite bölümiň komandiriniň orunbasary we Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bolupdy.

2005-nji ýylyň sentýabrynda oňa garşy jenaýat işi gozgalanda, ol ýurdy terk edip, Malaýziýa aşdy.

XS
SM
MD
LG