Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin täsirli kömekçisi Surkowy wezipesinden boşatdy


Rus prezidenti Wladimir Putin (sagda) Wladislaw Surkowy özüniň kömekçisi hökmünde 2013-nji ýylda belläpdi.
Rus prezidenti Wladimir Putin (sagda) Wladislaw Surkowy özüniň kömekçisi hökmünde 2013-nji ýylda belläpdi.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň uzak wagtlyk täsirli kömekçisi Wladislaw Surkowy wezipesinden boşatdy.

Mundan öň, birnäçe hepdeläp 55 ýaşly Surkowyň, Moskwanyň Ukraina babatyndaky syýasatyny üýtgetmegi sebäpli, Kremli terk edip biljekdigi barada çaklamalar peýda bolupdy.

Putiniň Surkowy wezipesinden aýyrmak baradaky karary 18-nji fewralda Kremliň websaýtynda çap edildi we dessine güýje girdi.

Surkow Kiýew bilen Ukrainanyň gündogaryndaky Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerinde Russiýanyň baş wekili bolupdy. Ukrainanyň Donbas diýlip bilinýän Donetsk we Luhansk sebitlerinde alty ýyl bäri dowam edýän konfliktde 13 müň töweregi adam öldi.

Mundan başga-da, Surkow Kremliň ozalky sowet respublikalary bilen gatnaşyklaryna gözegçilik edýärdi.

Şu aýyň başynda Kreml Russiýanyň Ukraina bilen gepleşiklerindäki wekili hökmünde, Surkowyň ornuna, Dmitriý Kozakyň bellenendigini yglan etdi. Bu ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň regiondaky dartgynlylyklary gowşatmak ugrundaky täze tagallalarynyň fonunda bolup geçdi.

Ukrain araçylarynyň Surkow babatynda pes garaýyşlarynyň bolandygy aýdylýar. Käbir bilermenler onuň parahatçylyk prosessiniň ilerlemegine böwet bolandygyny hem belleýärler.

XS
SM
MD
LG