Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prokuraturasy raýatlary DSG-niň ýörişine gatnaşmazlyga çagyrýar


Gazak polisiýasy geçen ýylky Almatynda geçirilen ýörişde demonstranty tussag edýär.
Gazak polisiýasy geçen ýylky Almatynda geçirilen ýörişde demonstranty tussag edýär.

Gazak Baş prokuraturasy gadagan edilen “Gazagystanyň Demokratik seçgi” (DSG) hereketiniň 22-nji fewralda geçirmegi planlaşdyrýan ýörişini “bikanun” atlandyryp, raýatlary oňa gatnaşmazlyga çagyrdy.

Baş prokuroryň orunbasary Bolat Dembaýewiň bu baradaky beýanaty 20-nji fewralda mediada okaldy.

Onda güýç edaralarynyň “bikanun ýörişleriň öňüni almak üçin berk çäreleri görjekdigi”, şeýle-de “bikanun protestlere” gatnaşyjylara administratiw we jenaýat aýyplamalarynyň ýöňkelip bilinjekdigi duýdurylýar.

“Gazagystanyň Demokratik seçgi” hereketiniň lideri Muhtar Abliýazow gazak raýatlaryny 22-nji fewralda paýtagt Nur-Soltanda we ýurduň iň iri şäheri Almatyda hökümete garşy protestleri geçirmäge çagyrdy.

Gazak režiminiň berk tankytçysy Muhtar Abliýazow on ýyl töweregi bäri Fransiýada bosgunlykda ýaşaýar.

Planlaşdyrylan ýörişden birnäçe gün öň, “Gazagystanyň Demokratik seçgi” hereketiniň wekillerine, öňki etmişleri üçin, pul jerimeleri salyndy we 5 günden 15 gün aralygynda türme tussaglygy berildi.

XS
SM
MD
LG