Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz raýaty Magnitogorskdäki partlama sebäpli “gynalandygyny” aýdýar


2018-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Magnitogorskde bir jaýyň agmagy netijesinde 39 adam öldi.
2018-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Magnitogorskde bir jaýyň agmagy netijesinde 39 adam öldi.

Russiýanyň Ural sebitindäki Magnitogorsk şäherinde 2018-nji ýylda Täze ýyl gijesi ýaşaýyş jaýynda, azyndan 39 adamyň ölümine sebäp bolan partlama bilen ilteşikli Russiýada 13 aý tussaglykda saklanandygyny aýdýan gyrgyz raýaty özüniň gynalandygyny, indi munuň bilen baglylykda adalaty isleýändigini belleýär.

30 ýaşly etniki özbek Husnidin Zaýnabidinowyň 20-nji fewralda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) ofiserleri onuň Magnitogorskdäki ýaşaýyş jaýynda partladyjyny ýerleşdirendigini “boýun aldyrmak üçin”, ony elektroşoker bilen gynapdyrlar, burnuny we gapyrgalaryny döwüpdirler.

Zaýnabidinow onuň partlama bilen ilteşigi subut edilmändigi sebäpli, 10-njy fewralda azatlyga goýberilendigini aýtdy. Emma mundan öň, ol FSB-niň tussaghanasynda ýedi aý we deportasiýa lagerinde alty aý saklandygyny sözüne goşdy.

“Men uzak wagtlap boş ýerine gynaldym. Men adalaty gözläp Moskwa geldim. Men [meni gynan] ofiserleriň adalata çekilmegini isleýärin. Gerek bolsa, men Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň suduna hem ýüz tutaryn” diýip, Zaýnabidinow aýtdy.

Ol düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklary boýunça guramanyň häzir oňa hemaýat berýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG