Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda oppozisiýa ýörişiniň öňýany aktiwistler saklanýar


Gazak polisiýasy oppozisiýa ýörişiniň öňýany aktiwistleri saklaýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:25 0:00

Gazak polisiýasy oppozisiýa ýörişiniň öňýany aktiwistleri saklaýar

Gazagystanyň iň iri Almaty şäherinde, iki oppozisiýa toparynyň rugsat berilmedik protesti geçirmek planlarynyň öňüsyrasy, polisiýa onlarça aktiwisti saklady.

Rugsat berilmedik ýörişiň geçirilmegi planlaşdyrylýan şäheriň merkezi meýdançasyna köp sanly polisiýa işgäri ýerleşdirildi.

Gazagystan demonstrasiýalary düzgünleşdirýän çäklendiriji kanunlary üçin köp wagtdan bäri tankytlanýar.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 2019-njy ýylda häkimiýet başyna gelende reformalary geçirmegi söz beripdi. Mundan ozalky prezident Nursultan Nazarbaýew ýurda 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk edipdi.

Ýörişden bir gün öň, hasaba alynmadyk Demokratik Partiýanyň lideri Žanbolat Mamaý tussag edildi we üç gün möhlet bilen administratiw tussaglyga ýerleşdirildi.

20-nji fewralda Gazagystanyň Baş prokuraturasy adamlary “bikanun” diýip atlandyran ýörişlerine gatnaşmazlyga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG