Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metjidiň gapdalyndaky arak dükany hakda sosial ulgamda ýazgy galdyran blogeriň urup agzyny ýyrtdylar


Bloger Otabek Nuritdinow.
Bloger Otabek Nuritdinow.

18-nji fewralda Özbegistanyň Andijan welaýatynyň Asaka şäheriniň ýaşaýjysy, bloger Otabek Nuritdinowy spirtli içgileri satýan dükanyň eýesi rehimsiz urup-ýençdi. Blogeriň öz Facebook sahypasynda ýazmagyna görä, onuň sosial ulgamda metjidiň gapdalynda spirtli içgileriň satýan dükan barada galdyran ýazgysy sebäp bolupdyr. Urlan wagtynda blogeriň agzy ýyrtylypdyr. Bolan ýagdaý barada Asaka şäher içeri işler bölüminiň sorag-derňew işlerini alyp barýandygy aýdylýar.

18-nji fewralda bloger Otabek Nuritdinow sud medisina ekspertizasyna ýüz tutup, özüniň urulmagyndan saglygyna ýeten zyýanyň derejesini kesgitlemegi sorady.

Ýüze çykan ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna blogeriň ejesi Matluba Gurbanowa maglumat berdi. Enäniň sözüne görä, entek olar medisina ekspertizasynyň gelen kararyny eline almandyrlar.

– Oglumy sudmedekspertizadan geçirdiler, ýöne häzirlikçe olar bize hiç bir kagyz bermediler. Bize içeri işler organyndan haýsydyr bir dokumenti getirmegi talap etdiler, şondan soň biziň ol karary almagymyz mümkin. Sudmedekspertizanyň barlagyndan soň, bizi keselhana iberdiler. Biz welaýat keselhanasyna bardyk. Ol ýerde oglumyň agzynyň ýyrtylan ýerini tikdiler. Wraç bilen gepleşsem, onuň agyz boşlugyndan 5 tikin, agzynyň daş ýüzündenem bir tikin goýlandygyny aýtdy – diýip, Otabek Nuritdinowyň ejesi aýdýar.

Blogeriň özüniň Facebook sahypasynda ýazmagyna görä, 18-nji fewralda arak dükanynyň eýesi hem onuň iki ogly onuň üstüne topulypdyrlar. Muňa sebäp, onuň sosial ulgamda galdyran ýagysy bolupdyr. Ol Asaka raýonyndaky Halid ibn al-Walid metjidiniň golaýynda arak dükanynyň ýerleşýändigi barada ýazgy galdyransoň, şu ýagdaýa duşupdyr.

Matluba Gurbanowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Andijan şäheriniň içeri işler bölümi onuň ogluny rehimsiz uranlaryň garşysyna kanunyň çäginde çäre görjekdigine söz beripdir.

Enäniň sözüne görä, sosial ulgamda şol habar peýda bolansoň, arak dükanynyň eýesi onuň ogluny yzarlap tapypdyr.

– Biz 18-nji fewralda meniň agtygymy – Otabekiň ogluny Tiz kömek keselhanasynyň reanimasiýa bölümine alyp bardyk. Çaga örän güýçli sowuklapdyr. Oglum meniň bilen gitdi. Keselhanada wagtymyzda, öýden bize jaň edip, Otabeki haýsydyr bir aýal soraýar diýdiler. Megerem, ol özüni Dilnoza diýip tanadan bolsa gerek. Men oňa biziň entek keselhanada boljagymyzy aýtdym. Biz oglum bilen öýe gelenimizde, ol aýal hem iki ogly bilen geldi. Soň eşitsem, ol aýalyň metjidiň golaýynda arak satýan dükany bar eken. Olary oglumyň ýanyna eltdim. Olar owaly oglumdan öz ýazgysyny ýagşylyk bilen aýyrmagy talap etdiler. Oglum ol ýazgynyň ähli kada-kanuna laýyk goýlandygyny aýtdy. Şol wagt birdenkä dükan eýesiniň iki ogly oglumyň üstüne topuldylar. Olaryň biri oglumyň agzynyň üstüne gaty güýçli urdy. Men bar sesim bilen gygyryp başladym. Soňra oglumy bir gapdala çekip, maşyna saldym – diýip, Matluba Gurbanowa Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Asaka raýonynyň içeri işler bölüminden bir işgär öz adynyň aýdylmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosyna şeýle hadysanyň ýüze çykandygyny hem bloger Otabek Nuritdinowyň urlup-ýenjilendigini tassyklady.

– Biz bu ýagdaý boýunça günäkärlere degişli çäräni göreris – diýip, raýon milisiýasynyň işgäri aýtdy.

Biziň habarçymyza bloger Nuritdinowyň üstüne hüjüm eden spirtli içgileri satýan dükanyň eýeleri bilen habarlaşmak başartmady.

Ýatlatsak, geçen ýylyň 30-njy dekabrynda Asakadan bolan bloger Otabek Nuritdinow töhmet atmakda hem ownuk huligançylykda aýyplanyp, jerimä sezewar edilipdi hem 15 gije-gündizlik tussag astyna alnypdy. Onuň üstünden Özbegistanyň Andijan welaýatynyň Asaka raýonynyň häkimi, raýon mekdebiniň direktory hem welaýat bilim edarasynyň başlygy arz edipdi.

Azatlygyň çeşmesiniň mälim etmegine görä, Nuritdinow raýon hem welaýat häkimlik wekilleriniň býujet pullaryny ogurlaýandygy hem korrupsiýa ýol berýändigi hakynda, Facebook sahypasynda ýazgy galdyrypdyr.

XS
SM
MD
LG