Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň ýokary okuw jaýlaryndan özbegistanlylar köpçülikleýin yzyna gaýdýar. Sebäbi näme?


Duşenbäniň uniwersitetinde okaýan özbegistanly studentler hökümet çagyryşyna jogap edip, öz ýurdunda okamagy dogry tapýarlar. 2020-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Duşenbäniň uniwersitetinde okaýan özbegistanly studentler hökümet çagyryşyna jogap edip, öz ýurdunda okamagy dogry tapýarlar. 2020-nji ýylyň 11-nji fewraly.

Daşkent birnäçe çäklendirmeleri wagtlaýyn aradan aýrandan soň, Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlarynda okaýan özbegistanly müňlerçe student öz ýurdundaky ýokary okuw jaýlaryna dolanmaga howlugýarlar.

Şu ýylyň 7-nji fewralynda Özbegistanyň bilim ministrligi goňşy ýurtlarda, aýratyn-da Gazagystanda, Gyrgyzystanda hem Täjigistanda okaýan studentlere öz okuwlaryny ýurduň içindäki ýokary okuw jaýlaryna (ÝOJ) geçirmek üçin arza bermäge rugsat etdi. Munuň üçin olar ekzamen tabşyrmazlar, diňe dokumentlerini tabşyrmak talap edilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda okaýan özbek graždanlary 15-nji marta çenli indiki okajak okuw jaýyna dokumentlerini tabşyrmaly, şeýle hem beýleki ýurduň ÝOJ-da okaýandygy baradaky tassyknamany hem-de pasportynyň nusgasyny bu ýere geçýändigi baradaky arzasy bilen birlikde tabşyrmaly.

Ýöne ÝOJ-larda ýer ýetmezligi sebäpli studentlere dokumentlerini agşamky ýa-da distansion görnüşli, ýagny gaýybana bölümlere tabşyrmak maslahat berilýär.

Käbir özbek çinownikleriniň aýtmagyna görä, täze studentleri kabul eder ýaly, häzirki wagtda olar örän gyssagly suratda bilim pudagy üçin goşmaça resurslary tapmaga çalyşýarlar.

Özbegistanyň hökümeti birdenkä kabul edilen beýle çözgüde nämäniň sebäp bolandygyny mälim etmeýär, ýöne ýurduň çäginden daşarda okaýan müňlerçe student ýüzugra öz ýurduna gaýdyp, okuwyny ol ýerde dowam etdirmek islediler.

Şu ýagdaý bilen baglanyşykly Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem Täjigistanyň uniwersitetlerinde ummasyz uly nobatlaryň emele gelmegi, aljyraňňylygyň hem basa-baslygyň ýüze çykmagy sebäpli Özbegistanyň bilim ministrligi arzalary tabşyrmagyň möhletini 15-nji fewraldan, 15-nji marta çenli yza süýşürdi.

Azatlygyň gazak gullugynyň habarçysynyň Şymkentden habar bermegine görä, Günorta-Gazagystan uniwersitetinde okaýan studentler transkript diýilýän, ýagny şol ýerde okaýandygyny tassyklaýan dokumenti almak üçin, müňlerçe özbek studenti jemlenipdir.

Ýagşyň ýagyp durandygyna, howanyň sowukdygyna garamazdan, birnäçeler bu ýerde ençeme gün bäri nobatda durandygyny aýdýarlar.

Uniwersitet administrasiýasynyň Azatlygyň habarçysyna mälim etmegine görä, olar her günde Özbegistanyň uniwersitetlerine dolanmak isleýänlerden müň çemesi studente sprawka berip ýetişýär.

Özbegistan goňşy ýurtlardan öz studentlerini yzyna getirýär:

MALIÝE ARTYKMAÇLYGY

— Men 52 ýaşymda. Öz dokumentimi diňe häzir alyp bildim. Men okuwymy Ürgenç döwlet uniwersitetine geçirmek isleýän. Bu meniň üçin örän gowy mümkinçilik. Öz ýurduňda okamak ýagşy – diýip, Günorta-Gazagystan uniwersitetiniň uly ýaşdaky bir studentkasy Tabassum Jumanazarowa aýdýar.

Onuň sözüne görä, ýaşamaga kireýine jaý almak, gündelik hajatlar üçin gerek bolýan çykdajylar, şeýle hem öýüňden bu ýere gelýänçäň, kanikulda bu ýerden öýüňe barýançaň ýol çykdajylary we gaýry maliýe tölegleri olaryň maşgala girdejisine uly agram salýar.

Beýleki bir özbek gyzy bolsa Özbegistanda ÝOJ girmek synanyşygy başa barmansoň, Şymkent uniwersitetine gelipdir.

— Özbegistanda orta bilimi bolanlary işden boşadýandyklary üçin, Gazagystana okuwa gelmäge mejbur boldum. Indi men bu ýerde okaýandygym barada dokument almak üçin, şu ýerde durun, soňra okuwymy Özbegistana geçirmekçi – diýip, Mutabar Osmonowa aýdýar.

Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Şymkent şäheri özbek serhediniň golaýynda, ol ýerde 15 müň çemesi özbek studenti okaýar. Günorta-Gazagystan uniwersitetiniň prorektorynyň orunbasary Sadybek Beýsenbaýewiň sözüne görä, şol 15 müň çemesi studentiň deň ýarysyna golaýy bu ýerde okaýan bolmaly.

— Köp student yzyna gaýtmak isledi. Biz beýle bolar öýdüp garaşmandyk – diýip, S. Beýsenbaýew aýdýar.

Özbek studentleri yzyna gaýdyp, ýene Gazagystanda okamak islän ýagdaýynda, bu uniwersitet öz gapysynyň açyk boljakdygyny aýdýar.

— Eger Özbegistanyň uniwersitetleri haýsydyr bir sebäp bilen olary kabul etmedik ýagdaýynda, olar Şymkente dolanyp, bu ýerde okuwyny dowam etdirip bilerler – diýip, ol resmi belleýär.

Şeýle basa-basly nobatlar Täjigistanyň Duşenbe hem Gyrgyzystanyň Oş uniwersitetlerinde-de bar.

Özbegistandan bolan studentler Duşenbede. 2020-nji ýylyň 11-nji fewraly.
Özbegistandan bolan studentler Duşenbede. 2020-nji ýylyň 11-nji fewraly.

Duşenbäniň pedagogiki uniwersitetinde birnäçe özbek studentleriniň ýanynda olaryň hossarlaryny-da görse bolýar. Pedagogiki uniwersitetde 2500 çemesi özbek studenti okaýar. Ýöne olaryň ählisinde yzyna dolanmak meýli ýok.

— Men bu ýerde galyp, bäş ýyllyk okuwymy Täjigistanda tamamlamak isleýän. Häzir meniň 2-nji ýylym – diýip, özbegistanly Şoahmad Tagoýew aýdýar.

Gazagystanyň bilim ministrligi bolsa şeýle köp özbek studentiniň yzyna gaýtmagy ýurduň okuw jaýlaryna agyr zyýan ýetirmez diýip hasaplaýar.

— Bu biziň uniwersitetlerimize täsir ýetirmez, olarda ýarym million student okaýar. Özbegistanly studentleriň sany bolsa 10 müňden sähel geçýär – diýip, ministrligiň resmisi aýtdy.

Takyk statistiki maglumat ýok, ýöne Merkezi Aziýa döwletlerinde takmynan 25 müň özbek studenti okaýandyr diýlip çaklanýar.

«BU DÜZGÜNE GARŞY»

Şol wagtyň özünde täjik hem gyrgyz uniwersitetleriniň wekilleri Özbegistanyň bilim ministrliginiň okuw ýylynyň ortasynda studentlere bir okuw jaýyndan beýleki birine geçmäge ýeňillik bermeginiň birnäçe düzgüne garşy gelýändigini mälim etdiler.

— Beýleki bir ÝOJ-a geçmäge diňe 1-nji okuw ýyly tamamlanandan soň rugsat edilýär – diýip, Täjigistanyň pedagogik uniwersitetiniň prorektory Saadi Kosimow aýdýar.

Beýle düzgüniň studentler üçin maliýe kynçylyklaryny döredýändigini Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş uniwersitetiň 1-nji kursunyň studentleri aýdýarlar.

«Uniwersitetiň administrasiýasy bize şu okuw ýylyň galan bölegi üçin hem tölemeli pulumyzy tölemesek, bize gerekli dokumentleriň berilmejegini aýtdylar» diýip, Özbegistanyň Namangan welaýatyndan bolan student aýdýar.

Oşda 1-nji kursda okaýan ogluny yzyna – Namangana alyp gitmek üçin gelen aýal hem şeýle diýýär.

«Bir ýyllyk okuwyň bahasy 1300 dollara durýar, biz okuw ýylynyň başky bölegi üçin, onuň deň ýarysyny okuw başlananda töledik, indi bize galan bölegini-de tölemeli diýýär» diýip, ol aýal düşündirýär.

Studentleriň beýleki okuw jaýyna ekzamen tabşyrmazdan geçmegi baradaky möhlete ýaňadan serediljekdigi hakda hem gürrüňler bar. Okuw ýyly gutarýança, studentlere okuw töleglerini iki gezek töletmezlik üçin, möhletiň 15-nji martdan yza süýşürilmegi mümkin diýip, Özbegistanyň bilim ministrliginiň bir resmisi Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG