Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen we inguş deportasiýasynyň pidalaryny ýatlamak çäresi hakyky gününde geçirildi


Çeçenistanyň müftüsi Salah Mejiýew we çeçen lideri Ramzan Kadyrow deportasiýasynyň pidalaryny ýatlamak çäresi çäresine gatnaşýarlar.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanda 1944-nji ýyldaky deportasiýanyň pidalaryny köpçülik öňünde ýatlamak çäresi hakyky gününde, ýagny betbagtçylygyň başlan wagtynda bellenildi. Bu waka soňky sekiz ýylyň dowamynda ilkinji gezek 23-nji fewralda geçirildi.

Ýekşenbe güni ýüzlerçe adam, şol sanda ýokary derejeli çeçen resmileri we dini ruhanylar deportasiýanyň müňlerçe pidasynyň hormatyna paýtagt Groznyýnyň merkezinde ýygnandy.

2012-nji ýylda Moskwa tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrow Tukatlyk we ýatlama gününi 23-nji fewraldan aýryp, öz kakasynyň jaýlanan gününe, ýagny 10-njy maýa geçiripdi. Ahmad Kadyrow 2004-nji ýylda Groznyýda amala aşyrylan bomba hüjüminde öldürilipdi.

Muňa garamazdan, çeçenleriň köpüsi deportasiýanyň pidalaryny näresmi derejede 23-nji fewralda ýatlamagy dowam etdirdi.

Sowet häkimiýetleri çeçenleriň we inguşlaryň nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk edendigini öňe sürüp, 1944-nji ýylyň 23-nji fewralyndan tä 9-njy martyna çenli olaryň tas ählisini – ortaça 650000 adamy – Merkezi Aziýa deportasiýa etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG