Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýaýew ýörite gulluklaryň goluny gysgaldýana meňzeýärmi?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Daşkentde güýç ulanyjy guramalaryň ýokary derejeli onlarça gullukçysynyň üstünden ýapyk sud işi başlandy. Onda Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň, Goranmak ministrliginiň hem beýleki edaralaryň işgärleri bar. Olaryň ählisi Russiýanyň haýryna içalyçylykda hem döwlet syrlaryny paş etmekde aýyplanýar. Ýöne Özbegistanyň hökümeti bu işler barada hiç bir maglumat bermeýär.

Mälim bolan maglumata görä, sud edilýänleriň arasynda Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglary institutynyň öňki direktory, 61 ýaşly syýasaty öwreniji Rafik Saýfullin hem-de Özbegistanyň Ýaragly güýçleriniň Birleşen ştabynyň öňki uprawleniýe ýolbaşçysy Akbar Ýarbabaýew bar.

Ýokary wezipeli ofiser Akbar Ýarbabaýewiň dogany Alekseý häzir Russiýada ýaşaýar hem Sankt-Peterburgyň Pulkowo aeroportunda awiadispetçer bolup işleýär. Ol Nastoýaşşeýe Wremýa beren interwýusynda, Akbaryň öz aýaly bilen bilelikde baryp 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda tussag edilendigini aýtdy. Harby ýolbaşçynyň garyndaşlary tarapyndan tutulan adwokaty ol işe goýbermändirler, tanalmaýan näbelli adwokat olary goramak işine gatnaşýar.

"Biz ol adwokat bilen gepleşip görmedik, ol adwokatyň nähili maksat bilen bellenenini-de bilemzok. Biz ylalaşyga laýyklykda bir adwokat bilen şertnama baglaşdyk, ýöne ony meniň doganymyň ýanyna goýbermediler. Şonuň üçinem ol iş hem onuň barşy barada mende hiç hili informasiýa ýok” diýip, Alekseý Ýarbabaýew interwýuda aýdýar.

Akbar Ýarbabaýew 1986-njy ýylda Kaçinskiniň harby uçarmanlary taýýarlaýan ýokary mekdebini gutaryp, 1993-nji ýyldan Özbegistanyň Ýaragly güýçlerinde gulluk edýär. 2006-njy ýylda prezident Yslam Kerimow tarapyndan Şöhrat (özbekçe – Şon-Şaraf) ordeni bilen sylaglanýar. Şol wagtyň özünde hossarlarynyň aýtmagyna görä, öz işi hem gulluk wezipesi barada ol hiç wagt gürrüň etmändir, diňe Goranmak ministrligine gulluk edýändigini aýdypdyr.

"Biz bu barada onuň bilen hiç haçan gürrüň etmändik; onuň hatda Goranmak ministrliginde nähili wezipe eýeleýäninden meniň habarym bolmady. Onuň göwnüne degmezlik üçin, men ony hiç wagt soramadym. Biz iş ýagdaýlaryny hiç wagt özara gürrüňe goşmandyk – diýip, Alekseý Ýarbabaýew nygtaýar. – Ýogsa biz bir uly özbek maşgalasyndan bolanymyz üçin, her gün sosial ulgamda habarlaşyp durduk. Ýöne iş meselesini gürrüň etmändik, ol barada mende meýil hem bolmady, men harby adam däl. Onuň şeýle ýokary wezipesiniň bardygyny tutulandan soň, özüme gelen SMS-den bildim.”

"Meniň bir çaklamam bar; ony gulluk wezipesi bilen bagly tussag edendirler – diýip, ol ýokary wezipeli harbynyň dogany aýdýar. – Ýöne bir zady nygtasym gelýär, ol hiç wagtda Russiýa Federasiýasynyň graždanini bolmandy, onda şol graždanlygy almaga meýil hem ýokdy. Akbar Orsýete diňe resmi delegasiýanyň düzüminde gelýärdi, onda-da Moskwada bolýardy. Şeýle geleninde, ol ejemiň ýanyna barýardy, ol eýýäm garry, ondan habar tutmak gerek. Biziň ýanymyza – Sankt-Peterburga gelmezdi. “Seniň işiň nähili iş, hiç bir zähmet rugsadyň ýok” diýip, men ony mydama irizýärdim. Ol bolsa ‘bizde rugsat ýok’ diýip degişýärdi.”

*****

Beýleki bir günälenýän Rafik Saýfullin bolup, ol özbegistanlylaryň arasynda bilermen hem öz pikir-garaýşynda Russiýanyň tarapdary hökmünde tanalýardy. Ol wezipe gullugyny SSSR döwründe KGB-den başlapdy hem käbir maglumata görä Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň (MHG) öňki başlygy Rustam Inoýatowyň ýakynlaryndan biri bolmaly.

Öňki özbek diplomaty, häzirki dissident Alişer Taksanowyň Nastoýaşşeýe Wremýa aýtmagyna görä, Saýfulliniň hem beýleki MHG agzalarynyň Russiýanyň ýörite gulluklary bilen gatnaşygynyň bardygyny aradan aýryp bolmaz. “MHG-de has öňräk lustrasiýa – ‘arassalaýyş’ geçirip, sowetler döwründe kemala gelen, rus ýörite gulluklary bilen ýakyn gatnaşykda bolan köne kadrlardan dynmalydy. Şol köne işgärler tarapyndan özüne howp abanýandygyny täze prezidentiň duýýan bolmagy mümkin. Şonuň üçinem Orsýet meýilli lobbistlerden dynmagy karar edendir” diýip, Taksanow belleýär.

— Siz Saýfullini nä derejede gowy tanaýaňyz hem-de onuň garşysyna bildirilen döwlete dönüklik aýyplamasy nä derejede hakykata ýakyn?

— Rafik Saýfullini men 1994-nji ýyldan bäri tanaýan, ol şonda Strategiki we sebitara barlaglary institutyna gelipdi, ony direktoryň orunbasary wezipesine bellediler. Men bolsa hut şol döwürde Institutdan işden çykyp, Daşary işler ministrligine geçipdim. Ol meniň göwnüme örän akylly hem başarjaň ýigit hökmünde göründi. Ol maňa şo ýerde galmagy hem bile işleşmegi teklip etdi, ýöne meni sebitiň howpsuzlygy meselesi gyzyklandyrmaýardy, men bu barada oňa aýtdym.

Ony bize MHG-niň işgäri hökmünde tanyşdyrdylar, ol ylym ugruny alyp gitmelidi. Soň özüni “garaşsyz ekspert” hökmünde tanadanda, muňa gaty geň galypdym. Maňa aýdyşlaryna görä, ol öz alyp barýan ugry boýunça dürli edaralara ýolbaşçylyk edipdir. Soňra içipdir hem hiç kime gereksiz boldy diýdiler.

Geň tarapy, biz dürli konferensiýalarda we şoňa meňzeş ýerlerde duşuşanymyzda, öz özüne “garaşsyz ekspert” diýse-de, tutuşlygyna hökümetiň tarapyndady. Režime aýdylýan tankytlara çydamsyzdy hem Russiýa meýillidi. Özüniň ähli syýasy garaýyşlaryny Russiýa bilen baglanyşdyrýardy. ‘Köne çekist bolmaz’ diýilýär ahyryn. Mende oňa şeýle buýruk berlendir diýen pikir döredi, özüne “garaşsyz” diýse-de, bary bir režimi – düzgüni goldap geldi.

Ol hakykatdanam Rustam Inoýatowyň öňki ýakynlaryndan birimidi? Ony şonuň üçin aýran bolaýmasynlar?

— Özbegistanyň MHG ýyrtyjylardy, eýmenç toparlardy; olar öz penjesini jemgyýetiň ähli gatlagyna ýetirýärdi, Özbegistanyň ykdysady durmuşyna-da aralaşýardylar. MHG-niň gözden salan hiç bir pudagy bolan däldir. Iş ýüzünde prezident dogry edýär, olaryň ‘goluny’ gysgaldyp başlady. Ol ýörite gulluklara “siz ykdysadyýeti ýa beýleki pudagy dolandyrjak bolmaň-da, diňe ýurduň howpsuzlyk meselesi bilen boluň” diýip dogry aýtdy.

Rafik Saýfullin garaşsyz wagtynda-da, öňki gullugyny dowam etdirip, özüni başgaça görkezmäge çalyşdy. Haýsydyr bir konferensiýa gatnaşsa-da, ýörite gullugyň bähbidini gorady, garaşsyz žurnalistlerden, bilermenlerden kim näme diýse ýazyp aldy, olaryň diýýänlerini analiz etdi. Men Özbegistanyň MHG-niň köp işgäriniň Moskwa bilen işleşendigine geň galamok.

Onuň gizlin maglumatlara elýeterliligi boldumy, ol şol maglumatlary Russiýanyň ýörite gulluklaryna berip bilermi?

— Onuň gizlin maglumatlara aralaşmaga mümkinçiligi bardy, sebäbi ýörite gullugyň işgäridi. Şonuň üçin bu bolup biläýjek ýagdaý. Özbegistanyň MHG-niň köp işgäriniň sowet döwründäki howpsuzlyk gullugyndan ýetişen kadrlardygyny nazarda tutmaly, olar bir garaşsyz döwletde işleseler-de, öňki sistema wepaly bolup galdylar. Olar Özbegistanda işleseler-de, mydama Russiýa seredýärdiler, Inoýatow hem şeýledi, Özbegistanyň öňki daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow hem öň KGB gullugynda işläpdi, daşary ýurtlarda işlände-de KGB-niň adyndan gulluk edipdi.

Aslynda Özbegistanyň hökümetleri “russiýaly agentlere” garşy göreşe başlap, näme etmek isleýär?

— Yslam Kerimow Orsýetden daşrak durmaga çalşyp gelse-de, MHG-niň köp işgäri Moskwa bilen hyzmatdaşlykda boldular hem Kerimowy mydama Moskwanyň gözüniň astynda sakladylar. Moskwa bolsa Özbegistany oppozisiýa garşy alyp barýan göreşinde doly goldap geldi. Moskwanyň näçe dissidenti hem oppozisiýa agzalaryny gizlin ýagdaýda Daşkende tabşyrandygyny siz bilýäňizmi? FSB hem MHG mydama goşulyp hyzmat etdiler, režime garşy gidýän dissidentleri tutmaga kömek berdiler, olar aýdyň howp döretjek çäreleriň garşysyna göreşmän, dissidentleri tutmak bilen gyzyklandylar.

Şonuň üçinem MHG Russiýanyň ýörite gulluklary bilen işleşmäge höweslidi. Soňky döwürde Özbegistanyň Russiýanyň proýektlerine has içgin seredendigine aýdyň mysallar bar, meselem, atom elektrik stansiýasyny gurmak. Şu meselede Orsýete ýakynlygy MHG-nyň işgärleri gazandylar hem muny Özbegistana olar teklip etdiler.

Bu ýagdaýyň ählisi Özbegistanyň Russiýa garaşsyzlygyny aradan aýyrýar. MHG-de öňräkden lustrasiýa geçirip, sowetler döwründen galan köne kadrlardan arassalamak zerurdy, sebäbi olar beýnisi hem gany bilen köne režime baglanan adamlar. Şol işgärlerden gelip çykýan ündewler esasynda, täze prezidentiň bir howpy duýan bolmagy mümkin, şonuň üçinem orsýetli lobbistlerden dynmak isleýändir.

Material AÝ/AR-nyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG