Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Owganystandaky prezidentlik saýlaw dawalaryny “gazaplylyga baş goşmazdan” çözmäge çagyrdy


Geçen hepde owgan saýlaw resmileri prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdi.
Geçen hepde owgan saýlaw resmileri prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete prezident saýlanandygyny yglan etdi.

ABŞ-nyň döwlet departamenti Owganystandaky ýakynda yglan edilen prezidentlik saýlawlary bilen bagly dawalaryň “gazaplylyk haýbatlary” bilen däl-de, konstitusion we kanuny esaslarda çözülmelidigini aýtdy.

Geçen hepde Owganystanyň Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy 28-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda prezident Aşraf Ganiniň ikinji möhlete saýlanandygyny yglan edipdi.

ABŞ Owganystanda hökümetiň “Talyban” jeňçi topary bilen mümkin parahatçylyk gepleşikleri bilen baglylykdaky “milli çarçuwany” ylalaşmak üçin, Ganiniň inagurasiýasyny yza süýşürmek baradaky kararyny hem gowy garşylady.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg hem aýry beýanat bilen çykyş edip, “ähli owgan syýasy taraplaryny ýurtdaky syýasy durnuklylyga ýaramaz täsir ýetirip we dartgynlylyklary artdyryp biljek ädimlerden saklanmaga” çagyrdy.

Häkimiýet başyndan gidip barýan baş dolandyryjy Abdullah Abdullah saýlawlaryň netijeleri bilen ylalaşman, sesler sanalanda öz “bäsdeşiniň haýryna galplyklara ýol berlendigini” atdy.

Owganystanda 2014-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda köp sanly galplyklara ýol berlendigi baradaky aýyplamalaryň netijesinde esasy dalaşgär – Gani bilen Abdullanyň arasynda syýasy krizis döräpdi.

XS
SM
MD
LG