Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronawirus barha ýaýraýar


Prezident Hassan Rohani Eýranda wirusyň ýaýramagyny kontrol astyna almak üçin “bir, iki ýa üç hepdäniň” hem gerek bolup biljekdigini duýdurdy.
Prezident Hassan Rohani Eýranda wirusyň ýaýramagyny kontrol astyna almak üçin “bir, iki ýa üç hepdäniň” hem gerek bolup biljekdigini duýdurdy.

Eýranyň Saglyk ministrligi ýurtdaky koronawirus sebäpli ölenleriň sanynyň 22-ä ýetendigini aýtdy. Bu aralykda, goňşy Pakistan wirus bilen bagly ilkinji ýagdaýlaryň üstüniň açylandygyny mälim etdi.

Eýran resmileriniň maglumatyna görä, soňky günüň dowamynda wirusa täze 44 adam ýokuşyp, ýurduň dürli künjeklerinde umumy hasapda bu wirus bilen 139 adam keselläpdir.

Eýran saglyk resmileri raýatlary “zerurlyk ýüze çykmasa”, hususanda wirusyň has köp ýaýran sebitlerine syýahat etmezlige çagyrdy.

Eýranda wirus sebäpli Hytaýyň daşynda heläk bolan iň köp adam hasaba alyndy.

Bu aralykda, prezident Hassan Rohani Eýranda wirusyň ýaýramagyny kontrol astyna almak üçin “bir, iki ýa üç hepdäniň” hem gerek bolup biljekdigini duýdurdy.

Pakistan 26-njy fewralda ýurtda COVID-19 wirusy bilen kesellän iki adamyň üstüniň açylandygyny tassyklady.

“Wirusa ýoluganlaryň ikisi-de ýakynda Eýranda bolupdy. Olar Eýrana soňky 14 günüň dowamynda sapar edipdiler. Biziň gereksiz ýere alada galmagymyza we howatyrlanmagymyza zerurlyk ýok” diýip, Pakistanyň saglyk ministri Zafar Mirza aýtdy.

XS
SM
MD
LG