Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo: Krym Ukrainadyr


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtonyň Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasy baradaky öňe sürmelerini “ykrar etmeýändigini we hiç haçan etmejekdigini” aýtdy. Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainynyň Krym ýarymadasyny eýeläp, ony anneksiýa edipdi.

“27-nji fewralda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmek synanyşygynyň altynjy ýyl dönümidir. ABŞ ýene bir gezek belleýär: Krym Ukrainadyr” diýip, Pompeo aýtdy.

“2018-njy ýylyň iýulyndaky Krym Deklarasiýasynda nygtalşy ýaly, Birleşen Ştatlar Russiýanyň bu ýarymadanyň özygtyýarlygy baradaky öňe sürmelerini ykrar etmeýär, hiç haçan etmezem. Biz Russiýa Krymyň okkupasiýasyny bes etmegine çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň baş diplomaty belledi.

“ABŞ Russiýanyň Krymdaky bikanun we Ukrainadaky, şol sanda Donbasdaky dowam etdirýän agresiw hereketlerini ýazgarýar. Russiýa Krymyň doly gözegçiligini Ukraina gaýtarmaýança we Minsk ylalaşyklarynyň çäginde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmeýänçä, biz oňa garşy girizen sanksiýalarymyzy saklarys” diýip, Pompeo sözüne goşdy.

Mundan birnäçe sagat öň, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegi bilen baglylykda, 26-njy fewraly Hatyra güni hökmünde kesgitlemek barada karar çykardy.

Halkara jemgyýetçiligi Krymyň anneksiýasyny ykrar etmedi. Russiýanyň Krymdaky hereketlerine jogap edip, Moskwa garşy ençeme tapgyr sanksiýalar girizildi.

XS
SM
MD
LG