Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosgunlykdaky täjik oppozisiýasy awstriýa resmilerini täjik raýatyny ekstradisiýa etmezlige çagyrdy


Hizbullo Şowalizoda
Hizbullo Şowalizoda

Bosgunlykdaky täjik oppozisiýa aktiwistleri Awstriýanyň hökümetine ýüzlenip, täjik raýatyny Duşenbä ekstradisiýa etmezlige çagyrdy. Yzyna dolansa onuň gynamalara we adalatsyz suda duçar bolup biljekdigi duýduryldy.

Täjik syýasy aktiwisti Waýsaiddin Odinaýewiň 27-nji fewralda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 29 ýaşly Hizbullo Şowalizoda mundan bir ýyl ozal Awstriýa gelipdir. Emma, ol arza bilen ýüz tutsa-da, bu ýerde bosgunlyk statusyny alyp bilmändir. Munuň deregine, ol 22-nji ýanwarda tussaglyga alnypdyr.

Odinaýew Şowalizodanyň hiç hili syýasy partiýanyň agzasy bolmasa-da, Birleşen Täjik oppozisiýa hereketini we bosgunlykdaky täjik oppozisiýa syýasy partiýalarynyň ençemesiniň düzen Täjigistanyň Milli Ýaranlygy toparyny açyk goldandygyny aýtdy.

Odinaýewiň sözlerine görä, Şowalizoda täjik resmileriniň haýyşy esasynda tussag edilipdir. Täjigistanda oňa ekstremizm hereketlerine baş goşmakda aýyplama bildirilýändigi aýdylýar.

Şowalizoda 4-nji martda deportasiýa edilmeli.

Täjigistan bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

XS
SM
MD
LG