Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal-gyzlara $3 ‘sowgat’ berler


Soňky ýyllaryň martynda türkmen telewideniýesinde aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan pursatlary görkezilýär.
Soňky ýyllaryň martynda türkmen telewideniýesinde aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan pursatlary görkezilýär.

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 manat pul sowgatlary gowşurylar.

Bu baradaky degişli görkezmä prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji fewralda gol goýdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursy boýunça $17, gara bazaryň kursy boýunça hem $3 möçberindäki pul serişdesi – türkmen metbugatynyň sözleri bilen aýdylanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat” hökmünde – 2020-nji ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda gowşurylar.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, bu pul sowgady eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara berler.

Şeýle-de, bu sowgat Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara gowşurylar.

Türkmem mediasynda bu pul serişdesiniň prezidentiň adyndan sowgat berilýändigi aýdylsa-da, onuň gelip çykýan çeşmesi barada anyk bir zat aýdylmaýar.

Soňky ýyllaryň martynda türkmen telewideniýesinde aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan pursatlary görkezilýär.

XS
SM
MD
LG