Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak aktiwistleri Aghadiliň jesedindäki tegmilleri görkezýän wideodan soň düşündiriş soraýarlar


Aghadiliň dostlary we hukuk goraýjylar onuň ölümi boýunça edilen resmi düşündirişi sorag astyna aldylar
Aghadiliň dostlary we hukuk goraýjylar onuň ölümi boýunça edilen resmi düşündirişi sorag astyna aldylar

Gazagystanda aktiwistler, şu hepde polisiýanyň edarasynda nämälim ýagdaýlarda ölen aktiwist Dulat Aghadiliň jesedinde gök tegmilleriň we beýleki ýara yzlarynyň bardygyny görkezýän wideo peýda bolandan soňra, häkimiýetlerden düşündiriş soradylar.

Aghadil 27-nji fewralda paýtagt Nur-Soltanyň etegindäki özüniň Talapker obasynda jaýlandy. Munuň yzy bilen, Aghadiliň jesedini görkezýän ýazgy Internetde ýaýrap başlady.

Aghadil 24-nji fewralda saklananyndan birnäçe sagat soňra, tussaglykda aradan çykypdy.

Resmiler onuň serhoş bolandygyny we “ýürek ýetmezçiligi” sebäpli ölendigini aýtdylar. Şeýle-de “onuň bedeninde zorluk yzlarynyň tapylmlandygy” bellendi.

Emma, Aghadiliň dostlary we hukuk goraýjylar resmi düşündirişi sorag astyna aldylar. Olar Aghadiliň saglyk ýagdaýy sebäpli içgi içmändigine we mundan ozal onda ýüregi bilen bagly näsaglyklaryň bolmandygyna ünsi çekdiler.

Soňky wideoda Aghadiliň ellerinde we aýaklarynda ýara yzlaryny, şeýle-de eginlerinde, arkasynda we bedeniniň beýleki ýerlerinde gök tegmillerini görse bolýar.

Aghadiliň ýakynlary wideo barada kommentariý bermekden saklandylar.

XS
SM
MD
LG