Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ, "Talyban" owgan parahatçylyk ylalaşygyna gol goýdular


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad (çepde) we "Talyban" delegasiýasynyň lideri Molla Abdul Ghani Baradar ylalaşyga gol goýýarlar.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad (çepde) we "Talyban" delegasiýasynyň lideri Molla Abdul Ghani Baradar ylalaşyga gol goýýarlar.

ABŞ we “Talyban” topary, Owganystandaky konflikti togtatmaga gönükdirilen, taryhy parahatçylyk ylalaşygyna gol goýdular.

Mundan 18 ýyl ozal, Birleşen Ştatlaryň şol wagtky prezidenti Jorj W. Buş (George W. Bush), 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky ABŞ-a edilen terror hüjümlerinden soň, Owganystany bombalamaga we oňa goşun salmaga görkezme beripdi

Gol çekmek dabarasyndan öň, eger-de “Talyban” ylalaşygyň şertlerine ygrarly bolup galsa, onda 14 aýyň dowamynda ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň ýurtdaky ähli güýçleriniň çykaryljakdygy barada Waşington bilen Kabulyň bilelikdäki beýanaty çap edildi.

Bu ylalaşyk ABŞ-nyň esgerleriniň Owganystandan çykarylmagyna, şeýle-de “Talyban” topary bilen Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabul hökümetiniň arasyndaky parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol açýar.

Ylalaşyga ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad we "Talyban" delegasiýasynyň lideri Molla Abdul Ghani Baradar gol goýdular.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo), “Talyban” toparynyň liderleri, şeýle-de ýigrimiden gowrak döwletiň we guramanyň wekilleri Dohadaky gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşid Meredow hem 29-njy fewralda Kataryň paýtagty Doha iş saparyny amala aşyrdy. Emma, türkmen baş diplomatyň bu çäre bilen ilteşikli Doha ýöriteläp sapar edip-etmändigini anyklamak başartmady. Türkmen resmi mediasynda hem bu barada hiç zat aýdylmaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Meredowyň Katara saparynyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu aralykda, ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper Kabula sapar etdi. Synçylar muny ABŞ-nyň Owganystan babatynda heniz hem ygrarlylygyny saklap galýandygy barada owgan hökümetini kepillendirmek ugrunda eden hereketi hökmünde häsiýetlendirdiler.

XS
SM
MD
LG