Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan bilen Russiýanyň eriş-argaç ýyly: hyzmatdaşlygy berkitmekmi ýa-da garaşsyzlyk üçin synag?


Sooronbaý Žeenbekow bilen Wladimir Putin.
Sooronbaý Žeenbekow bilen Wladimir Putin.

Kremldäki Gurultaýlar köşgünde Gyrgyzystanyň Russiýadaky hem-de Russiýanyň Gyrgyzystandaky eriş-argaç ýylynyň dabaraly açylyşyna Moskwada we Orsýetiň sebitlerinde ýaşaýan dört müň gyrgyzystanly gatnaşdy.

Almaşyk ýylynyň açylyş dabarasyna Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Žeenbekow hem gatnaşdy. Ol Gyrgyzystanyň halkynyň mundan 150 ýyl ozal Orsýeti özüne ýaran hökmünde saýlandygyny aýtdy hem bu hyzmatdaşlyk üçin Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putine minnetdarlygyny mälim etdi.

«Gyrgyzystanyň garaşsyz döwlet bolanyna 30 ýyla golaý wagt geçenem bolsa, doganlyk halklar arasyndaky medeni, ruhy gatnaşyklar üýtgewsizligine galdy. Sowetlerden soňky taryhda garaşylmadyk wakalaryň ýüze çykandygyna garamazdan, biz Russiýa döwleti bilen ýakyn doganlyk, dostluk gatnaşyklaryny saklaýarys» diýip, gyrgyz prezidenti aýtdy.

Ol dabarada gyrgyz döwlet ýolbaşçysy öz watandaşlaryna ene dilinde ýüzleniň, migrantlaryň durmuş şertlerini gowulandyrjagyna wada berdi.

«Russiýanyň ýolbaşçylygy bilen bilelikde, şeýle hem Ýewroaziýa Ykdysady bileleşigine girýän döwletleriň agzalary ýaşaýyş, okuw hem iş şertlerini gowulandyrmak baradaky hyzmaty dowam etdireris. Biz Russiýanyň ýolbaşçylarynyň hem rus halkynyň gyrgyzystanlylara bolan mähirli gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris» diýip, gyrgyz ýolbaşçysy gutlag sözüniň dowamynda belledi.

Gyrgyz hökümetiniň maglumatyna görä, Orsýetde zähmet migrasiýasynda 728 müňe golaý gyrgyzystanly bar. Her ýylda gyrgyzystanlylar öz ýurduna 2,5 milliard dollar ugradýarlar. Garaşsyzlygyň ýyllary içinde ýarym milliona golaý gyrgyzystanly Russiýanyň graždanlygyny alypdyr.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz gezeginde iki ýurduň özara ýygy syýasy aragatnaşygy saklaýandygyny hem-de netijeli syýasy gepleşikleriň barýandygyny belledi.

«Russiýa hem Gyrgyzystan regiondaky durnuklylygy üpjün etmek üçin, bilelikde iş alyp barýarlar, harby ugurlarda hyzmatdaşlyk edilýär; biz hem ikitaraply gatnaşyk, hem-de Kollektiw Howpsuzlyk Guramasynyň şertnamasy esasynda halkara guramalarynyň ylalaşygyna laýyklykda hereket edýäris. Ýewroaziýa Ykdysady bileleşiginiň çäginde birek-birege golaýlaşmagyň ýakyn özara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Dag-magdan senagatynda, transport aragatnaşygynda hem ýokary tehnologiýada örän uly proýektler amala aşyrylýar. Russiýa Gyrgyzystana energetiki resurslary ýollamakda esasy üpjün ediji ýurt bolup durýar» diýip, rus prezidenti aýtdy.

Almaşykly ýyly geçirmek barada prezident Žeenbekowyň Moskwa eden sapary Günbataryň Merkezi Aziýa regionlary bilen özara syýasy gatnaşyklary janlandyrmaga synanyşýan wagtyna gabat gelýär diýip, ekspertler aýdýarlar. Daşkendiň hem Nur-Sultanyň özbaşdak hereket etmegi ileri tutýan wagtynda, Bişkegiň orny Kremliň gözüniň alnynda beýgelýär diýip bilermenler hasap edýär.

Bu almaşyk ýylynyň çäginde dürli syýasy, ykdysady hem medeni-ynsanperwer çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny baýram etmek, döwlet işgäri Ishak Razzakowyň 110 ýyllygyny bellemek, Gyrgyzystanyň hem Russiýanyň belli opera aýdymçysy Bolot Minžilkiýewiň 80 ýyllygyny geçirmek ýaly dabaralar bolar. Orsýetiň şäherlerinde Gyrgyzystanyň teatrlarynyň, aýdym-sazly kollektiwleriniň gastrollary gurnalar, fotosergiler, kinofilmler hem başga tomaşalar geçiriler. Iki ýurduň futbol komandalarynyň top ýaryşlary hem planlaşdyryldy. Ykdysady özara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen işewür toparlaryň hem biznes gullugynyň konferensiýalary bolar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministriniň öňki orunbasary, diplomat Askar Beşimow gyrgyz-rus gatnaşyklaryna esaslanyp, Gyrgyzystanyň entegem Russiýanyň erkine görä hereket edýändigini aýdýar.

Askar Beşimow.
Askar Beşimow.

«Biziň ykbalymyz hem geljegimiz Orsýet bilen bagly. Russiýa umytly garaýas. Daşarky syýasatymyzda-da öz pikir-garaýşymyzy Moskwanyň üstünden kesgitleýäs. Men muňa ýagşy ýa-da ýaman diýip biljek däl. Bu bolýan ýagdaý. Bazarlaryň açyk bolmagy, tölegler, onuň giňelmegi – biz bularyň ählisi howpsuzlyk maksatlary üçin diýip aýdýas. Ýöne hakykat ýüzünde ony Moskwa çözmeli däl ahyryn. Biz bolsa bar şertleri hiç bir dawasyz kabul edýäs. Syýasy-ykdysady meseler bar, ony biziň ählimiz bilýäris. Ýewroaziýa Ykdysady bileleşigiň çäginde-de köp jedeller gidýär, ýöne biz olara goşulyşmaýarys, meseleleri çözmäge-de gatnaşmaýarys. Meselem, häzir Gyrgyzystanyň pul geçirmekde çäklendirmesi bar, ol limit 150 müň, şol wagtyň özünde Ermenistanyň ol limiti bir million» diýip, diplomat Askar Beşimow aýdýar.

Gyrgyzystan geosyýasy ýagdaýdan ugur alyp, öz ykdysady mümkinçiligine görä, uly partnýorlar bilen gatnaşyk gurýar diýip, Ýokary Geňeşiň – parlamentiň deputaty Çynybaý Tursunbekow aýdýar. Ýöne şol wagtyň özünde ol kiçi döwletleriň tejribesini hem ýatlaýar. Olar uly döwlete garaşly bolsalar-da, ilkinji orunda öz bähbitlerini goýýarlar.

Çynybaý Tursunbekow.
Çynybaý Tursunbekow.

«Maňa Mongoliýanyň syýasaty ýaraýar. Olar örän uzakdaky ýurtlar Awstraliýa, Amerika, Koreýa, Ýaponiýa bilen gatnaşyk açmak üçin hereket edýärler. Ýakyn goňşulary Hytaý hem Russiýa bilen gatnaşyklary örän tertip-düzgünli alyp barýarlar. Olar doly tabyn bolmakdan gaça durýarlar. Biziň, elbetde, ätiýaçly bolmagymyz gerek, ýöne öz bähbitlerimizi-de hökman goramalydyrys» diýip, deputat belleýär.

Prezident Sooronbaý Žeenbekowyň baştutanlygyndaky Gyrgyzystanyň delegasiýasy Moskwada rus hökümetiniň ýolbaşçysy Mihail Mişustin, Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedýew bilen duşuşdy. Duşuşyk mahalynda taraplar regionyň howpsuzlyk meseleleri, ekstremizme hem terrorizme garşy göreş barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň maslahat edilendigi aýdylsa-da, bu ugurda hiç bir täze ylalaşyk gazanylmandyr.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG