Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da koronawirusdan ikinji adam aradan çykdy. Kuweýtde bu wirus başga-da 10 adama ýokuşdy


Günorta Koreýanyň köçelerinde arassaçylyk işlerini geçirýän işgärler.
Günorta Koreýanyň köçelerinde arassaçylyk işlerini geçirýän işgärler.

Birleşen Ştatlarda koronawirusdan ikinji adam aradan çykdy diýip, ABŞ-nyň saglyk resmileri habar berýärler. Bu habar dünýäniň has köp ýurdy we ABŞ-nyň ştatlaryCOVID-19 wirusy bilen kesellän adamlaryň ilkinjileriniň hasaba alnandygyny tassyklan mahalyna gabat geldi.

1-nji martda giçlik Seattle şäheriniň golaýynda 70 ýaşlaryndaky adam aradan çykdy diýip, ABŞ-nyň Waşington ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegindäki saglyk resmileri yglan etdiler. Bu ýerde onlarça adam kesel bolup, olarda wirusyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak boýunça testler geçirildi.

2-nji martda Kuweýt bu wirusyň başga-da 10 adama ýokuşandygyny hasaba aldy we ýurtda wirusdan kesellän adamlaryň jemi sany 46-a ýetdi diýip, döwlet telewideniýesi habar berdi.

1-nji martda Şotlandiýa we Dominikan respublikasy, şeýle-de ABŞ-nyň Rhode Aýland hem-de Nýu-Ýork ştatlary wirus bilen kesellän ilkinji adamlaryň hasaba alnandygyny habar berdiler.

“United Airlines” kompaniýasy koronawirusyň ýaýramagynyň fonunda, syýahatçylaryň we işewürleriň köpüsi öýlerinde galýan mahaly, has köp uçar gatnawlaryny ýatyrmaly boljakdygyny aýtdy.

1-nji martda Bütindünýä Saglyk guramasy bu wirusyň dünýäde 86 müňden gowrak adama ýokuşandygyny we ondan azyndan 2 müň 900 adamyň ölendigini mälim etdi. Bu wirus geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň Wuhan şäherinde döräpdi.

XS
SM
MD
LG