Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronowirus sebäpli 54 müň tussag türmeden boşadyldy


Tähran, söwda merkezindäki saglyk barlagy.
Tähran, söwda merkezindäki saglyk barlagy.

Eýranda müňlerçe tussag, hökümetiň täze ýokanç kesele garşy görýän çäreleriniň çäginde, koronowirus sebäpli “wagtlaýyn azat edildi” diýip, Tährandaky resmi çeşmeler habar berdiler.

Tussaghanalardan 54 müň adam azatlyga çykdy. Olar türmeden boşadylmazyndan öň saglyk barlagyndan geçirildi we diňe keseliň ýokuşmandygy anyklanandan soň azat edildi.

Häzirki wagtda Eýranda bu wirusdan 77 adam öldi.

Eýran 3-nji martda bu wirusyň jemi 2,336 adama ýokuşandygyny tassyklady.

Eýran parlamentiniň 23 agzasyna, ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar gulluklarynyň başlygyna wirus ýokuşandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG