Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Azatlyk öýi" Eýranyň, Orsýetiň protestçileri basyp ýatyrmagyny tankytlaýar, ABŞ-ny hem sylap goýmaýar


FH: Demokratiýa ugrundaky lidersiz darkaş
FH: Demokratiýa ugrundaky lidersiz darkaş

“Freedom House” – “Azatlyk öýi” guramasy Orsýet, Eýran ýaly “awtoritar döwletleri” protestleri güýç bilen basyp ýatyrmakda tankytlady, ýöne adatça demokratiýanyň goragçylary bolan ýurtlary, şol sanda Birleşen Ştatlary hem, “populizme kowalaşyp, ozalky demokratik däplerinden ýüz öwürmekde ýazgardy.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän adam hukuklary guramasy 4-nji martda çap eden ýyllyk hasabatynda 2019-njy ýylda syýasy we raýat hukuklary boýunça öňegidişlik gazanan ýurtlara garanda yza gaýdan ýurtlaryň iki esse kän bolandygyny aýtdy we “global azatlyk derejesiniň tapgyr 14 ýyl bäri ýaramazlaşýandygyny” belledi.

Ýurtlar boýunça taýýarlanan syn bu ýyl “Demokratiýa ugrunda lidersiz darkaş” diýlip atlandyrylyp, onda Demirgazyk Makedoniýa hukuklar we azatlyklar boýunça iň uly ösüş gazanan ýurtlaryň arasynda agzalýar. Şeýle-de hasabatda Ukrainanyň we Ermenistanyň täze liderleriniň umytly alamatlary görkezendigi bellenilýär.

Ýöne muňa garamazdan, dünýäniň 49 ýurdy “azat däl” ýurtlaryň sanawyna girizildi, Türkmenistan bilen Täjigistan bolsa iň ýaramaz on ýurduň arasynda orun aldy.

“Dünýä ýüzünde demokratiýa hüjüm edilýär, özem munuň täsirleri diňe Hytaý, Orsýet we Eýran ýaly awtoritar ýurtlarda däl, eýsem esasy hukuklary we azatlyklary uzak wagt bäri gorap gelýän ýurtlarda hem görnetin duýulýar” diýip, hasabatda bellenýär.

“Diktatorlar ýurt içinde saklanyp galan başga pikirliligiň soňuna çenli köküni köwlemek üçin jan çekýärler we öz ýykgynçylykly täsirlerini dünýäniň täzeden täze künjeklerine hem ýaýradýarlar” diýip, hasabatyň dowamynda aýdylýar.

“Şol bir wagtda, azat saýlanan ýurt liderleriniň hem köpüsi öz aladalaryny milli bähbitleriň has kütek düşündirilişine çenli daraldýar. Hakykatda, bu hili liderler, şol sanda Birleşen Ştatlaryň we Hindistanyň, dünýäniň iň iri demokratiýalarynyň baş ýerine ýetirijileri, öz syýasy maksatlaryny ilerletmek üçin, guramaçylyk kepillendirmelerini bozmaga we tankytçylaryň we azlyklaryň hukuklaryna göz ýummaga barha kän ýykgyn edýärler.”

Orsýetde, dolandyryjy Bitewi Orsýet partiýasy, esasan ukyply kandidatlaryň bäsleşige çykmagynyň öňüni baglamak bilen, ýylyň gubernator saýlawlarynyň ählisinde ýeňiji boldy.

Hasabatda Belarusda we Özbegistanda geçirilen parlament saýlawlarynyň hem kemçiliksiz bolmandygy, ýagny olarda “hakyky oppozisiýa ýol berilmändigi” aýdylýar.

Gazagystanda uzak wagtlyk prezident Nursoltan Nazarbaýew wezipesinden çekildi, ýöne ol bu wezipäni “galplaşdyrylan saýlawlar arkaly” öz saýlap-seçen yztutaryna, Kasym-Žomart Tokaýewe geçirdi we häkimiýetiň elden-ele geçirilmegine garşy guralan halk protestleri güýç bilen, zorlukly basyp ýatyryldy diýip, hasabatda bellenýär.

“Freedom House” Garadagda we Serbiýada hem “garaşsyz žurnalistleriň, oppozisiýa şahslarynyň hökümetiň has kän duşmançylygy, ýanamalary, gorkuzmalary, käte bolsa zorluklary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny”, bu ýagdaýyň iki ýurtda hem uly protest çärelerine alyp gelendigini aýtdy.

Ýöne hasabatda bu sebitde we ozalky sowet giňişliginde käbir umytly görkezijileriň hem bolandygy bellenilýär.

“Umuman alnanda gamgyn görnüşe garamazdan, regionyň “bölekleýin azat” ýurtlarynyň birnäçesinde oňyn alamatlar hem göze ildi diýip, hasabatda aýdylýar.

Täze saýlanan we wezipä reforma kandidatlary hökmünde gelen ýolbaşçylar, şol sanda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiý “öz ýurtlarynda demokratik arzuw-isleglere päsgel berýän kleptokrat güýçleriň köküni köwlemek üçin başlangyç ädimleri ätdi” diýip, hasabatyň dowamynda bellenýär.

Eýranda howpsuzlyk güýçleri noýabrda hökümete garşy protestleri “mynjyratmak” üçin ýüzlerçe protestçini öldürdi, müňlerçe adamy tussag etdi.

Şeýle-de hasabatda eýran häkimiýetleriniň krizis döwründe, media habarlarynyň öňüni almak üçin, interneti, adaty aragatnaşyk serişdelerini doly diýen ýaly petiklemek bilen, täze bir alada beriji praktikany ulanandyklary bellenilýär.

Hindistanyň premýer-ministriNarendra Modi bolsa, “hindi milletçilik syýasatyny täze bir derejä galdyryp”, öz musulman ilatynyň dürli gatlaklaryna täsir ýetirmek bilen, “Aziýada we dünýäde azatlygyň mümkin bolan daýançlarynyň biri hasaplanan ýurduň demokratik geljegine wehim saldy”.

Hasabatda Hytaýyň öz uýgur ilatyna we türk dilli beýleki musulman azlyklaryna çemeleşmesi ýylyň içerki basyşlarynyň iň bir elhenç mysaly hökmünde görkezilýär we bu kampaniýa “medeni ýok ediş” diýlip atlandyrylýar.

“Azatlyk öýi” guramasynyň hasabatynda Birleşen Ştatlar, ozal demokratiýa goragçylarynyň goldaw üçin ýüz tutýan ýurdy hem tankyt edilýär.

Hasabatda aýdylmagyna görä, prezident Donald Tramyň adminstrasiýasy demokratiýa we adam kukuklary ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasata eýerýändigini yzygiderli ýagdaýda görkezmegi başarmady.

XS
SM
MD
LG