Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Elita baýaýar". Gyrgyzystanda halkara maliýe ýardamynyň belli bölegi şahsy hasaplara geçýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Bütindünýä banky käbir ýurtlara berilýän grantlaryň hem kreditleriň şahsy hasaplara geçirilişi baradaky derňewleri çap etdi. Barlaglaryň geçirilen sanawynda Gyrgyzystan hem bar.

Ol barlag işleri baryp noýabr aýynda taýýar edilenem bolsa, diňe şu ýylyň 18-nji fewralynda Bütindünýä bankynyň saýtynda çap edildi. «Daşarky kömegi elitalar alýarlar. Ofşor hasaplarynyň maglumatlary» ady bilen geçýän ol dokumenti üç ykdysatçy taýýarlapdyr, olaryň biri Bütindünýä bankynyň işgäridir. Olar 22 döwletiň ýagdaýyny öwrenipdirler: sanawda Gyrgyzystan, Ermenistan, Owganystan, Burkino-Faso, Burundi, Gana, Gaýana, Gwineýa-Bisau, Zambiýa, Mawritaniýa, Madagaskar, Mozambik, Malawi, Mali, Niger, Ruanda, San-Tome we Prinsipi, Sýerra-Leone, Tanzaniýa, Uganda, Eritreýa hem Efiopiýa bar.


Bu barlaga bagyşlanyp BBC tarapyndan taýýarlanan makalada aýdylyşyna görä, «haçan-da garyp ýurt ýollary düzetmek, suw desgalary gurmak ýa-da korrupsiýa garşy göreş üçin, Bütindünýä bankyndan kömek alanda, ýüzugra nähilidir bir geň ýagdaý döreýär; garyp ýurtdan birdenkä walýutalar akyp başlaýar». «Ol pul göni ofşora, ýagny daşarky ykdysadyýete rugsat berýän zona, salgydy az alýan biznes ulgamyna akýar. Bu ýagdaý ykdysatçylar tarapyndan analiz edilenden soň, umumylykda şeýle karara geldiler; alnan ýardamyň belli bölegi hökümet adamlary tarapyndan ofşorlara akdyrylýar» diýip, neşir ýazýar.

Barlag maglumatlaryň görkezişine görä, eger garyp döwlet jemi içerki önümiň 1%-ne laýyk kömek alan bolsa, onda berlen serişdäniň 7%-den köprägi ýurtdan çykarylýar. Eger-de kömek jemi içerki önümiň 3%-ne ýetse, daşarky «ýuwaş serginlige» çykarylýan serişdäniň möçberi 15%-e ýetmegi mümkin. Ýöne ykdysatçylaryň bellemegine görä, bu daşara çykarylýan serişdäniň iň az görkezijisidir, hakykatda ol görkezijiniň has ýokary diýip çaklaýarlar.

«Bu az harajat, sebäbi bu ýerde diňe daşary ýurt hasaplaryna çykarylan serişdeler hasaba alyndy. Ol puly ýa-da gymyldamaýan emlägi hem beýleki satyn alnan zatlary hasaba aldyrmak üçin, çykarylýan çykdajylar bu ýerde hasaba alynmady» diýip, barlagda bellenýär.

Barlagçylaryň pikirine görä, daşardan gelen serişdäni alan adamlar ol baýlygy Sýurihiň, Lýuksemburgyň, Singapuryň banklaryna hem-de Kaýmanlar adasyndaky banklara geçirýärler. Bu ugurda London ýa-da Nýu-Ýork ugurlarynda hiç bir hereket ýa täsir duýulmaýar, ýogsa olaryň dünýäniň maliýe merkezlerinde orunlarynyň bardygy jedelsizdir.

Nähili-de bolsa, şol barlag işinde takyk Gyrgyzystana berlen daşary ýurt kömegiň näçe böleginiň çykarylandygy takyk görkezilmeýär.

Bütindünýä bankynyň Gyrgyzystandaky ofisiniň ýolbaşçysy Bolormaa Amraabazar bu ýagdaýy Azatlyk Radiosy üçin kommentirläninde, ol puluň ýerli elitalar tarapyndan şahsy hasaba geçirilmegine garşy çäre görüljekdigini aýtdy.

Bolormaa Amraabazar.
Bolormaa Amraabazar.

«Bütindünýä banky berilýän serişdäniň elitalar, ýagny baýamaga mümkinçiligi bolanlar tarapyndan alynýandygyny bilýär. Bu öňden gelýän problema, ol garyp döwletleriň ykdysadyýetine soňlugy bilen ýetirilýän agyr zyýan, ol döwletiň garyplykdan çykmagyna ýaramaz täsir edýär, ýurda garyplykdan saýlanmaga mümkinçilik bermeýär. Korrumpirlenen toparyň hem elitanyň şeýle puly almagy garyplaryň üstüne salgyt bolup inýär. Bu dünýä möçberinde barýan problema, onuň öňüni almak üçin dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikdäki köptaraplaýyn hereketi gerek. Korrupsiýanyň bütin dünýäde bardygyny biz bilýäris, ýöne ol şol barlaglarda görkezilişi ýaly, daşary ýurt kömegine mätäç döwletlerde, ýagny kanunyň gowşak ýurtlarynda has gülläp ösýär. Biz döwletiň korrupsiýa garşy alyp barýan göreşinde öz hyzmatymyzy berkitmegimizi ýene dowam etdireris» diýip, Bütindünýä bankynyň Gyrgyzystandaky ofisiniň ýolbaşçysy aýdýar.

Bolormaa Amraabazar ýene şulary sözüne goşdy: «Bütindünýä bankynyň ykdysady ösüşi ýok ediji korrupsiýa garşy göreşde güýçli programmasy bar, ol garyplaşmaga alyp barýan inwestisiýalaryň öňüni baglap bilýär».

Bütindünýä bankynyň Gyrgyzystandaky ofisi özünde bolan takyk çägi aýtmaýar, ýöne beýleki bilermenler, gaýry ýurtlarda bolşy ýaly, Gyrgyzystan uly möçberde halkara kömegini alýan bolmaly diýýärler.

Gyrgyzystandaky Transparency International merkeziniň ýolbaşçysy Adylbek Şarşenbaýewiň pikirine görä, korrupsiýa daşardan gelýän ähli kömegiň maksatly amala aşmagyna päsgelçilik döredýär.

Adylbek Şarşenbaýew.
Adylbek Şarşenbaýew.

«Barlaglar iki zady baglanyşdyrýar; bir tarapdan, halkara ýardamlary berilýär, beýleki tarapdan, ýurduň içindäki döwlet gurluşy ösen korrupsiýanyň garşysynda durup bilmeýär. Şol jähetden barlaglaryň korrupsiýanyň derejesini kesgitlemäge mümkinçiligi ýok, diňe ýurtdan ofşor zonalaryna çykarylan serişdäniň möçberi kesgitlenýär. Şol maglumatdan halkara kömeginiň aýry-aýry adamlaryň jübüsine gidýändigi mälim bolýar» diýip, Şarşenbaýew aýdýar.

Mineral resurslara baý bolmadyk Gyrgyzystan häli-şindi ykdysady kynçylyklara duş gelýär, ýurt halkara maliýe institutlarynyň kömegine mätäç. Geçen ýylda respublikanyň daşarky bergisi 3 milliard 850 million dollara deň bolupdy.

Kreditorlaryň ogurlygy hem berlen ýardamyň şahsy hasaba geçirilmegi seýrek ýagdaý däl. Ýöne ol puluň ählisini ýerli çinownikler alýar diýip bolmaz.

Žokorky Keneşiň – parlamentiň deputaty Dastan Bekeşew korrupsiýa toparlarynda köplenç kreditorlaryň durýandygyny aýdýar.

Dastan Bekeşew.
Dastan Bekeşew.

«Bu barlagda Gyrgyzystandan pul çykarylýandygy görkezilmeýär. Ýöne şol wagtyň özünde grantlary hem krediti berýän Bütindünýä banky ol proýektleri amala aşyryjy bölümleriň hem konsultantlarynyň kömegi bilen goýberilýän puluň 10-15%-ni özüne alyp galýar. Şeýle ýagdaý bar. Mundan-da gynançly tarapy, şol berlen ýardamy biz netijeli peýdalanyp bilmeýäris» diýip, deputat aýdýar.

Hyzmatdaşlyk we ösüş baradaky parlamentiň Koordinasiýa şurasynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystanyň Bütindünýä bankyna agza bolan döwri – 1992-nji ýyldan bäri ýurda berlen maliýe kömeginiň umumy möçberi 6,1 milliard dollardan gowrakdyr.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG