Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrasiýada çagasyny taşlaýan aýallar köplenç adam söwdasyny edýänlikde günälenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Kämillik ýaşyna ýetmedik çagasyny satan gyrgyzystanly aýal Russiýada suda çekilip, 4,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Şuňa meňzeş jenaýat işinde şübhe bildirilýän ýene üç gyrgyzystanly aýalyň garşysyna jenaýat işi açyldy, olaryň sudy entek dowam edýär.

Moskwa köçeleriniň biriniň çatrygynda iki aýal ýaş çaganyň üstünde çekeleşýärler. Eli çagaly ýaş ene hem onuň çagasy aglaýar, ol çagany bermejek bolup bagryna basýar. Beýleki aýal: «Men ony öz çagam ýaly ekläp-saklaryn, sen entek ýaş ahyryn, belki, öz durmuşyňy gurarsyň» diýip özelenýär.

Ol jübütler Moskwada öz durmuşyny ýola goýupdyrlar, ýöne olarda çaga ýok. Bir tanyş ginekolog entek durmuşa çykmadyk gyzyň göwreli bolandygyny, munuň üçin hossarlaryndan gorkup, Gyrgyzystana dolanyp bilmejekdigini gürrüň beripdir. Öňden bäri ene bolmagy arzuw edip gelýän aýal ol göwreli gyz bilen duşuşyp, dünýä injek çagany özüniň aljakdygyna söz beripdir.

Göwreliligiň altynjy aýy wagtynda olar göwreli gyz üçin bir jaýy kireýine tutup, iýjek-içjegini hem medisina barlagyny üpjün edipdirler. Çaga dogurmaly wagty gelende, göwreli gyzy şol aýal bäbekhana äkidip, doglan çagany pasport maglumatlary bilen öz adyny ýazdyrypdyr. Ahyrky pursatda ýaş ene çagasyny oňa bermek islemändir. Beýleki aýal bolsa munuň üçin näçe çykdajy edendigini ýatladypdyr.

Häzirki günde Moskwa şäheriniň Presnensk raýon sudy Sadyrbaýewler maşgalasyny hem 22 ýaşly Aýgüli çaga söwdasynda günäli saýyp sud edýär. Sülçüleriň barlagyna görä, geljekki ene 2019-njy ýylyň awgustynda dogurjak çagasyny 150 müň rubla satmaga söz beripdir hem bäbekhanadan çykan badyna täze doglan çagany olara beripdir. Bu aralykda adwokatlar şübhe bildirilýän müşderisini aklama çalşyp, dil üsti bilen baglaşylan şertnamany tassyklaýan dokumentiň ýokdugyny öňe sürýärler. Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksine laýyklykda «Adam söwdasy» maddasy üçin, alty ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.

Bu dowam edýän agyr heläkçilikden diňe biri. Migrantlyk wagtynda nikasyz doglan çagadan dynmak häzirki durmuş üçin kada öwrülip barýar. Gaýtam indi täze dünýä inenleri Internetiň üstünden satýarlar. Şu ýylyň 17-nji fewralynda, Moskwa şäheriniň Preobražensk raýon sudy gyrgyzystanly 24 ýaşly Barnohon kyzy Rasulžany öz çagasyny 1 million rubla satanlykda günäli saýyp, dört ýarym ýyl azatlykdan mahrum etdi diýip, Russiýanyň köpçülikleýin habar serişdeleri ýazdy.

Moskwadaky gyrgyz diasporasynyň wekili Anisa Žeenbekowa şeýle ýaramaz faktyň ýüz berendigini tassyklaýar. Olar öz çagasyndan ýüz öwrenlerinde, owaly çagany ildeşlerinden birine perzentlige bermek isleýär, soňra ol meselä gatnaşanlar ‘adam söwdasynda’ günälenýärler diýip, Anisa Žeenbekowa düşündirýär.

Anisa Žeenbekowa
Anisa Žeenbekowa

– Mundan gelip çykýan ýagdaý, bizde nähilidir bir hukuk medeniýeti ýetenok. Bilimli aýal, jemgyýetiň kada-kanunlaryna düşünýär, ahyrynda görseň şeýle iş bilen meşgullanýar. Käbiri entek tutulmanka, Gyrgyzystana gaçyp ýetişýär. Çagany biznes çeşmesine öwrenlerden käbirini meniň özüm bilýän. Elbetde, ýaňy dünýä inen ynsanyň Çagalar öýüne düşenden, bir gowy maşgala gowşanyny ganymat bilip dymmaly bolýan. Ýöne biz hukuk ýurdunda ýaşaýas ahyryn. Öňlerem çagany başga birine beripdirler diýip, beýle hereketi gyrgyzyň däp-dessuryna ýöňkemek – bu nädogrudyr. Bu mesele bilen döwlet derejesinde gyzyklanmak gerek. Eger çaga gyrgyz milletinden bolsa, oňa kanuny dokument berip, ony gyrgyzlardan biriniň perzentlige almagyna şert döretmeli. Orsýetiň kanuny boýunça çagany hossarlyga almak örän kyn, ol ýerde talaplar köp; ähli zady, şol sanda çagany hossarlyga alýanyň öý-içerisini hem işiniň bar-ýoguna çenli barlaýarlar – diýip, ol aýdýar.

Gyrgyzystan respublikasy 2011-nji ýylda hossarlary tarapyndan taşlanan 100-den gowak çagany ýurda getiripdi. 2014-nji ýyldan güýje giren Ministrler Kabinetiniň kararyna laýyklykda, şol maksatlar üçin 1,5 million som bölünipdir. Täze dünýä inen çaganyň hossarlaryny ýa-da ol çagany perzentlige aljak maşgalany tapmak işi Zähmet we sosial ösüş ministrliginiň üstüne ýüklenipdir. Şeýle-de bolsa, taşlanan çagalaryň köpüsi Çagalar öýüne düşýär. Gyrgyzystanda bolan dürli derejedäki 127 çagalar edarasynda 11 müňden gowrak çaga bar.

Moskwadaky hem Moskwa oblastyndaky gyrgyzystanly aýallara ýardam beriji «Кам коруу» («Gamhor») guramasynyň ýolbaşçysy Toktokan Esenowa agyr ýagdaýa düşen, zorluga ýa-da basyşa duçar bolan migrantlar üçin, krizis merkezini döretmegiň zerurdygyny aýdýar.

Toktokan Esenowa
Toktokan Esenowa

– Golaýda biz bir gyzyň hossarlary bilen gürleşip, onuň durmuşa çykmagyna razylyk gazandyk. Beýleki biriniň hossarlary bilen gepleşip, ony yzyna – Gyrgyzystana ugratdyk. Üçünji biri häzir çaga dogrulýan öýde. Biz öz güýjümiz bilen gyzlarymyz üçin ýaşaýyş jaýyny tapýas, kireýine jaý alýas. Munuň baryny öz güýjümiz, jemgyýetçiligiň hem watandaşlarymyzyň goldawy bilen edýäs. Biziň aýallarymyza Moskwada krizis merkezi zerur. Bu mesele bilen men öz ilçihanamyza hat arkaly ýüz tutdum. Şahsy klinikalar bilen gepleşik geçirýäs, psihologlary, psihoterapewtleri hem ginekologlary çagyrýas. Garaz, öz güýjümiz bilen bir zatlar etmäge çalyşýas – diýýär.

Moskwa klinikasynda işleýän akuşer-ginekolog Nazgül Kerimowa bu mesele barada durup, düşündiriş işleriniň ýokdugyny aýdýar. Sebäbi gyrgyz jemgyýetinde jynsy gatnaşyklar, şol sanda göwrelilikden saklanmak barada gürrüň aýyp hasaplanýar.

Nazgül Karimowa
Nazgül Karimowa

– 17-18 ýaşly gyzyň aýal ömründäki şeýle aýgytly pursatda ýeke galýandygyny göreniňde, ýüregiňe gan öýýär. Olaryň köpüsi aldawa düşenler. Soňra gözýaş döküp kömek soraýar. Gigienanyň iň ýönekeý düzgünlerini-de bilmeýärler, göwreli bolmakdan saklanmagyň ýollaryna düşünmeýärler. Örän ýaş bolýarlar, göwredäki çagany düşürmek üçin, dürli dermanlary içýärler, ýöne munuň bilen diňe öz saglygyny zaýalaýarlar. Biziň gyzlarymyzda jynsy ýollar bilen geçýän keseller barada düşünje ýok. Üstesine-de biziň häsiýetimiziň täsiri bar, hossarlar öz çagalary bilen bu meseleden gürleşmeýärler – diýip, akuşer-ginekolog belleýär.

Doktoryň pikirine görä, migrasiýanyň dowam etmegi iş ýüzünde maşgalany bölýär, eneleriň saglygy, çaga dogrulyşyny kadalaşdyrmak ýaly maşgala institutynyň ünsden düşürilýändigini aýdýar.

– Häzirki wagtda aýallar pul gazanmaga mejbur bolýarlar, öýüň işi-de olaryň üstünde. Örän ýaş gyzlar uly adamlar deňi işleýärler. Käte ýanyma uly aýallar gelýär, äri bar, ýöne çagaly bolmaga taýýar däl. Toý tutmalydygyny aýdýarlar, «biziň kreditimiz – ipotekamyz bar» diýýärler. Onda näme göwreli bolmakdan saklanmadyň diýseň, «boldy-da» diýip egnini ýygyrýarlar – diýip, Nazgül ýagdaýy düşündirýär.

Gyrgyzystan hökümetiniň maglumatyna görä, zähmet migrasiýasynda 840 müň adam bar, olardan 728 müňden gowrak adam Orsýetde işleýär. Ol migrantlaryň deň ýarysyna golaýy aýallardyr, köprägi-de 35 ýaşa ýetmedik zenanlar.

2018-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde täze dogan çagasyny holodilnikde - doňduryjyda goýandygy üçin, gyrgyzystanly bir aýal jenaýata çekildi. Şol ýyl Perm şäherinde öz çagasyny öldüren 18 ýaly gyrgyzystanly kanun goraýjylar tarapyndan saklandy. 2019-njy ýylyň sentýabrynda gyrgyzystanly bir aýal Moskwa şäheriniň metrosyndaky hajathanada çaga dogrup, şol ýere hem çagany taşlapdyr. Bular diňe habar serişdelerinde aýan bolan maglumatlar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG