Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

OPEC-Russiýa ylalaşygy bozulandan soň, rublyň we nebitiň bahasy pese gaçdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

OPEC-iň lideri Saud Arabystany bilen onuň öňki hyzmatdaşy Russiýanyň arasyndaky gepleşikleriň başa barmazlygynyň yzýany, nebitiň bahasy pese gaçandan soň, rus rublnyň hümmeti soňky dört ýylda iň pes derejesine ýetdi.

9-njy martda irden rublyň ABŞ dollaryna görä hümmeti 5 göterim aşaklap, 1 amerikan dollary 72,72 ruble deň boldy. Bu 2016-njy ýylyň başyndan bäri iň pes görkezijidir.

Bu waka Russiýany we Gazagystany öz içine alýan “OPEC+toparyň” geçen hepde Wenada geçiren duşuşygynda, taraplaryň bahalary ýokarlandyrmak üçin önümçiligi artdyrmazlygyň möhletini uzaltmak barada ylalaşyk baglaşmakda şowsuz bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

9-njy martda fond bazarlary hem erkin derejede pese gaçdy. Irdenki söwdada Tokionyň esasy indeksi 5 göterimden gowrak pese gaçdy we Aziýanyň beýleki bazarlary hem onuň nusgasyny yzarlady.

XS
SM
MD
LG