Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda koronowirus sebäpli 70 müň tussag azatlyga goýberildi


Ahwazdaky türme.

Eýranyň häkimiýetleri ýurtdaky koronowirus aladalary esasynda 70 müňe golaý tussagy azatlyga goýberdiler diýip, sud häkimiýetleriniň başlygy Ibragim Raisi habar berdi.

Eýran soňky 24 sagatda bu hassalyk sebäpli täze 63 adamyň ölendigini, netijede ondan ölenleriň sanynyň 354 bolandygyny aýtdy.

Saglyk ministrliginiň wekili Kianouş Jahanpour 11-nji martda täze wirus ýokuşanlaryň 958 sanysynyň tassyk bolandygyny, netijede, bu kesel bilen kesellänleriň 9 müň bolandygyny aýtdy.

“Tussaglaryň boşadylmagy, howpsuzlyga wehim salmadyk ýagdaýlarynda, ýene-de dowam etdiriler” diýip, Raisi 9-njy martda aýtdy. Ol tussaglaryň yzyna, türmä haçan dolanyp gelmelidigini, aslynda gaýtadan türmede oturmaly boljakdygyny ýa bolmajakdygyny aýtmady.

Saglyk ministrliginiň wekili Kianuş Jahanpur Eýran boýunça täze wirus ýokuşan adamlaryň sanynyň 595 bolandygyny yglan etdi. Netijede, wirus ýokuşanlaryň sany 7 161 töweregi boldy. Jahanpuryň maglumatlaryna görä, ýurtda koronowirusdan resmi maglumata görä 237 adam öldi.

Şu aralykda, ýurduň ýokary ruhany lideri, aýatolla Ali Hameneýiniň edarasy onuň pars täze ýyly mynasybetli edýän ýyllyk çykyşyny koronowirus aladalary sebäpli goýbolsun edendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG