Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Eýrandan 'nädogry' tussag edilen amerikanlaryň ählisini boşatmagy talap edýär


Robert Lewinson, FDB-nyň ozalky agenti
Robert Lewinson, FDB-nyň ozalky agenti

Birleşen Ştatlar Eýranyň ýurtda “ýalňyşlykda” tussag edilen ABŞ raýatlarynyň ählisini “ynsanperwerlik esaslarynda” derrew türmeden boşatmagyna çagyrdy.

“Birleşen Ştatlar Eýranyň režimini islendik amerikalynyň ölümi babatynda jogapkär hasaplar. Biziň jogabymyz aýgytly bolar” diýip, döwlet sekretary Maýk Pompeo 10-njy martda çap eden beýanatynda aýtdy.

Onuň bu sözleri dem alyş ýollary bilen bagly COVID-19 wirusynyň Eýranda ABŞ raýatlarynyň saklanylýan türmesinde hem ýaýrandygy baradaky habarlaryň çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Olaryň barha ýaramazlaşýan şertler astynda saklanmagy esasy adamkärçilik sypatlaryna ters gelýär” diýip, Pompeo aýtdy.

Eýranyň sud häkimiýetleriniň başlygy Ebrahim Raisi bir gün öň, ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etmek üçin, Eýran wagtlaýyn 70 müň çemesi tussagy türmeden boşatdy diýdi.

Eýran geçen ýylyň aýagynda Hytaýdan uç alan aldajy ýokanç keseliň iň agyr zarba uran ýurtlarynyň biri boldy.

Eýranda resmi taýdan wirus ýokuşandygy tassyk bolan adamlaryň sany 8 müňden geçdi, bu keselden 291 adam öldi diýip, Saglyk ministrligi 10-njy martda aýtdy.

Emma muňagaramazdan, Eýran “birnäçe amerikan raýatyny adalatsyz,esassyz ýerden we delillendirmezden tussaglykda saklamagyny dowam etdirýär” diýip, ABŞ-nyň baş diplomaty aýtdy.

“Birleşen Ştatlar daşary ýurtda nädogry tussag edilen amerikanlar öýlerine dolanyp gelýänçä ynjalmaz” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Pompeonyň bu beýanaty ABŞ-nyň Federal sudýasynyň Eýrany Federal derňew býurosynyň ozalky agenti Robert Lewinsony alyp gaçmakda deslapky höküm esasynda günäkärleýän karar çykaran gününde çap edildi. Bu karar onuň hamala yslam respublikasy tarapyndan alnyp gaçylmagynyň 13-nji ýyllygyna gabat çykaryldy.

ABŞ-nyň etrap sudýasy Timothy Kelliniň Eýrana garşy çykaran sud kararynda FDB-nyň agenti Lewinsonyň ýedi çagasynyň beren görkezmeleriniň ählisi nazara alyndy.

AP-niň sud zalyndaky habarçysy Kelliniň Tähran sud seljerişligine gatnaşmakdan ýüz öwrenden soň, Eýranyň Lewinsonyň “zamun alynmagynda we gynalmagynda” “ikuçsuz” jogapkärdigi hakynda deslapky höküm çykarandygyny habar berdi.

Lewinson2007-nji ýylda, Eýranyň Kiş adasynda bir çeşme bilen duşuşmagy planlaşdyrandan soň ýitirim boldy.

AP neşiriniň geçiren derňewi 2013-nji ýylda Merkezi aňtaw gullugynyň analitikleriniň,bu operasiýa gözegçilik etmäge ygtyýarlary bolmasa-da, Lewinsony tabşyryk bilen ugradandyklarynyňüstüni açdy.

Emma muňa garamazdan, Eýran onuň ýitirim bolmagynyň derňelýändigini, onuň jogapkärçilige çekilmändigini aýdýar.

Ministrligiň metbugat sekretary Abbas Musawi 10-njy noýabrda Robert Lewinsonyň "Eýran Yslam Respublikasynyň haýsydyr bir kazyýetinde kazyýet ýa-da jenaýat işiniň ýokdugyny" aýtdy.

Birleşen Ştatlar Lewinson hakyndaky maglumat üçin 25 million dollar teklip edýär.

Tähran golaýda BMG-ä ýazan hatynda ýurduň Rewolýusiýa sudunyň Lewinson babatda açyk jenaýat işiniň bardygyny boýun aldy.

Bu sud adatça adatça içalyçylyk, kontrabanda, hudaýa şek ýetirmek we Eýranyň yslam hökümetini agdarmak synanyşyklary bilen baglanyşykly işlere seredýär.

XS
SM
MD
LG