Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ABŞ-da ýerleşýän hökümetden aýry gurama, Tussaglaryň hukuklary topary resmi hasaba alyndy


Ozalky syýasy tussag we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Azam Farmonow
Ozalky syýasy tussag we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Azam Farmonow

Özbegistanyň Adalat ministrligi tussaglaryň hukuklaryny goraýan topary we düýbi ABŞ-da ýerleşýän we garyplygy azaltmagy maksat edinen hökümetden aýry guramany we hasaba aldy.

Ozalky syýasy tussag we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Azam Farmonow 12-nji martda öz jemgyýetçilik guramasynyň, “Hukuk daýanjynyň” ministrlikde üç gün ozal, sekiz gezek edilen synanyşykdan soň,ahyry resmi taýdan hasaba alnandygyny aýtdy.

“Men gaty geň galdym. Bu hasaba alyş biziň iki ýyldan gowrak wagtymyzy aldy” diýip, Farmonow aýtdy we öz guramasynyň merkezi aziýa ýurdunyň jeza öýlerindäki bendileriň hukuklaryny goramak bilen meşgul boljakdygyny sözüne goşdy.

Onuň tassyklamagyna görä, dokuz adam tarapyndan esaslandyrylan guramanyň 100 çemesi aktiw agzasy bar.

Şu aralykda, Özbegistanyň Adalat ministrligi 10-njy martda beýanat çap edip, düýbi ABŞ-da ýerleşýäntopary, “Mercy Corps” guramasyny hasaba alandygyny aýtdy. Bu gurama 40-dan gowrak ýurtda konfliktler we klimat özgermeleri netijesinde zyýan çeken jemagatlara garyplygy ýeňip geçmek kömegini berýär.

“Mercy Corps” Özbegistanda 1995-nji ýylda işläp başlady, emma 2006-njy ýylda, 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda Andijon şäherinde bolan ganly hadysadan soň, ozalky prezident Yslam Kerimowyň halkara guramalaryna edýän basyşy astynda ýapyldy.

XS
SM
MD
LG