Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa global pandemiýanyň merkezi bolmagynda galýar, dünýäde COVID-19 ýokuşanlaryň sany 156 müňden aşdy


Telefonda Sam daýynyň hemmelere öýde galmagy maslahat berýän plakatyny surata alýan gyz. Barselona, 2020-nji ýylyň 13-nji marty.
Telefonda Sam daýynyň hemmelere öýde galmagy maslahat berýän plakatyny surata alýan gyz. Barselona, 2020-nji ýylyň 13-nji marty.

Dünýä ýurtlary COVID-19 hassalygyny togatmak üçin täzeden-täze çärleri görýän wagtynda, täze hasaplamalara görä, täze dörän aldajy wirusyň ýokuşan adamlarynyň sany bütin dünýä boýunça 156 müňe baryp ýetse, ondan ýogalanlaryň sany 5,800-den gowrak boldy.

Golaýda Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan dekabrda Hytaýdan uç alan global pandemiýanyň merkezi diýlip yglan edilen Ýewropada köp döwlet, aldajy wirusyň ýaýramgyny togtatmak ugrundaky tagallalaryň çäginde,gündelik hereket mümkinçiliklerini we halkara syýahatlaryny çäklendirýär.

Şuňa meňzeş çäreleri görendigine garamazdan, Fransiýa ses berişligiň demokratik dowamlylyk üçin zerurdygyny öňe sürüp, 15-nji martdaky ýerli saýlawlary geçirmäge taýýarlyk görmekden saklanmady.

Birleşen Ştatlarda 26 ýewropa döwleti, şol sanda Angliýa we Irlandiýa bilen aradaky uçar gatnawyna girizilen gadaganlyk aeroportlarda uly başagaýlyk döretdi.

Hytaý häkimiýetleri ýurt içinde wirus ýokuşýanlaryň sanynyň azalandygyny aýdýarlar, emma 14-nji martda bu wirusyň täze, daşardan gelen 16 hadysay ýüze çykarylandan soň, halkara uçar menzillerinde täze barlag çärelerini girizýärler.

XS
SM
MD
LG