Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çeh hökümeti koronawirusa garşy göreşmek üçin raýatlaryň hereketlerini çäklendirildi


Çehiýada ýörite geýimli işgärler tramwaýda arassaçylyk işlerini geçirmäge taýýarlanýarlar.

Çeh hökümeti koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin öz raýatlarynyň hereketlerini çäklendirmek çärelerini güýçlendirdi we ýurdy wirtual taýdan gulplady.

16-njy martda güýje giren bu çärelerde adamlaryň iş, söwda ýa-da çäkli beýleki hereketler üçin köçä çykmagyna rugsat berilýär. Adamlaryň bu hereketlerden başga ýagdaýlarda, başga sebäpler üçin köçä çykmagy gadagan edilýär.

Bu gadagançylyk 24-nji marta çenli dowam eder.

Çehiýanyň gündogaryndaky birnäçe şäher möhürlendi we bu ýagdaý sebitde ýaşaýan 24000 töweregi adama täsir ýetirdi. Bu sebitde şu wagta çenli 25 adama koronawirusyň ýokuşandygy hasaba alyndy.

Çehiýada jemgyýetçilik transport serişdeleri öz işini dowam etdirýär. Ýöne resmiler adamlary mümkin boldugyndan öýde oturmaga, galmaga çagyrýar.

“Hiç kim kimdir biriniň daşarda gezelenç etmegini gadagan etmeýär... Ýöne daş-töweregiňde 20 adam bilen bilelikde piwo içmek - bu jogapkärsizlikdir we howpludyr” diýip, çeh içeri işler ministri Ýan Hamaçek (Jan Hamacek) aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG