Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Moskwanyň saýlaw komissiýasynyň başlygy wezipeden çekildi


Walentin Gorbunow

16-njy martda Moskwanyň saýlaw komissiýasynyň uzak wagt bäri wezipedäki başlygy Walentin Gorbunow saglyk ýagdaýlary sebäpli wezipesinden çekildi. Bu barada ýerli metbugat serişdeleri 17-nji martda habar berdiler.

Geçen ýyl rus paýtagtynda geçirilen şäher geňeş saýlawynyň ses berişliginden oppozisiýa we garaşsyz dalaşgärleriň çykarylmagyna protest bildirýän aktiwistler Gorbunowyň wezipeden çekilmegini talap edipdiler.

“Men häzirki saglyk ýagdaýlarym sebäpli öz wezipämden çekilýärin” diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi Gorbunowyň sözlerini sitirledi.

66 ýaşly Gorbunow Moskwanyň saýlaw komissiýasyna 1995-nji ýyldan bäri başlyklyk edýärdi.

Ol 2009-njy we 2019-njy ýyllarda ýerli kanun çykaryjy organlar üçin geçirilen dawaly saýlawlara, 1999-njy we 2003-nji ýyllarda çekeleşikli häkim saýlawlaryna, şeýle-de 2011-nji ýylda geçirilen ýerli geňeş saýlawlaryna gözegçilik etdi.

Soňky ýyllarda aktiwistler Gorbunowyň wezipeden çekilmegini ençeme gezek talap etdiler.

Gorbunowyň iş möhleti 2021-nji ýylda tamamlanmalydy. Ýöne ol özüniň eýýäm keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG