Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz howpsuzlyk güýçleri pandemiýa sebäpli adatdan daşary ýagdaýy girizmegi teklip edýärler


Gyrgyzystanyň Nookat etrabynda 20-nji martda koronawirusa ýolugan üç ýagdaýyň üsti açylandan soňra, bu sebitde adatdan daşary ýagdaý girizildi.

Gyrgyzystanyň howpsuzlyk güýçleri premýer-ministr Muhammedkalýi Abylgaziýewe ýüzlenip, koronawirus pandemiýasy sebäpli, 22-nji martdan başlap tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegi maslahat berdiler.

Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbokowyň edarasynyň maglumatyna görä, bu baradaky teklip 21-nji martda Bişkekda geçirilen howpsuzlyk geňeşiniň doswamynda orta atylypdyr.

Ýurduň günortasyndaky Nookat etrabynda 20-nji martda koronawirusa ýolugan üç ýagdaýyň üsti açylandan soňra, bu sebitde eýýäm adatdan daşary ýagdaý girizilipdi.

Suzak erabynda hem ýerli resmiler adatadan daşary ýagdaýy yglan etdiler. Bu regionda üç kişiniň wirus bilen keselländigi anyklandy. Wirusa ýokuşanlaryň altysy-da Saud Arabystanynda saparda bolupdylar.

21-nji martda Özbegistanyň Saglyk ministrligi wirusa ýolugan ýene dört ýagdaýyň üstüniň açylandygyny, bu wirusa umumy hasapda 37 adamyň ýokuşandygyny aýtdy. Ministrlik bu adamlar bilen gatnaşyga geçen 3 müň 200 kişiniň karantine ýerleşdirilendigini hem belledi.

Özbegistanda ähli çagalar baglary, mekdepler we uniwersitetler wagtlaýyn ýapyldy, şeýle-de jemgyýetçilik ýerlerinde toplanmak gadagan edildi. Özbek Transport ministrligi halkara ýerüsti we howa ýolagçy gatnawynyň 20-nji martdan başlap 40 günlük togtadylandygyny aýtdy. Bu düzgünleşdirme ýük gatnawlaryna täsir ýetirmeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG