Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussag alyşmada boşadylan öňki tussaglar Fransiýa we Eýrana dolandy


Roland Marçal, Parižiň abraýly "Sciences Po" uniwersitetiniň uly ylmy barlagçysy
Roland Marçal, Parižiň abraýly "Sciences Po" uniwersitetiniň uly ylmy barlagçysy

Fransiýa we Eýran arasyndaky tussag alyşygynda boşadylan ozalky iki tussag birnäçe aýlyk tussaglykdan soň öz ýurtlaryna dolandy.

Fransiýaly ylmy barlagçy Roland Marçal 21-nji martda Pariže geldi. Ony goldaýan topar “Roland dolandy” diýip, gysga beýanat ýaýratdy.

Bu aralykda, ABŞ-da gözlenýän eýranly inžener Jallal Rohollahnejad Tährana geldi. Ony maşgalasy joşgunly garşy aldy.

Olaryň ikisi-de bir gün ozal boşadylypdy. Bu çäräni Eýranyň adalat çapary, “Mizan Online”, “özara hyzmatdaşlygyň nusgasy atlandyrdy”.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Waşington bilen Tähranyň arasynda dartgynlygy gowşatmak isleýän döwründe hem-de Eýran ABŞ-nyň maliýe sanksiýalary sebäpli dörän ykdysady zyýany azaltmak üçin Fransiýada kömek soraýan wagtlarynda bu tussag etmeler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary çylşyrymlaşdyrypdy.

Marçalyň bir garyndaşy onuň lukmançylyk barlaglary üçin Prižiň golaýyndaky bir harby hassahana äkidilendigini hem-de “barlag netijleriniň gowudygyny” AFP habar agentligine gürrüň berdi.

Tähranda döwlet telewideniýesi azat edilen Rohollahnejadyň Eýranyň paýtagtyndaky duşuşykda öz maşgala agzalaryny gujaklaýşyny görkezdi.

Ol ABŞ-nyň sanksiýalaryny bozup, Eýrana möhüm senagat enjamlaryny eksport etmäge synanyşmaga gatnaşmakda güman edilýär we şol sebäpden Birleşen Ştalarda gözlenýär.

Fransuz hökümeti günä bildirilmegi üçin ony Birleşen Ştatlara ugratmaga derek boşatmak kararyna geldi.

XS
SM
MD
LG