Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň sudy 23-nji martda öňki prezident Atambaýewiň işine garaýar


Almazbek Atambaýew
Almazbek Atambaýew

23-nji martda Bişkegiň sudy Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Almazbek Atambaýewiň we geçen ýylda onuň öýünde howpsuzlyk güýçler bilen çaknyşygyň netijesinde bilelikde saklanan 13 adamyň işine garaýar.

Birinji maý etrabynyň sudy diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňrysynda boljagyny bir gün öň yglan etdi.

Geçen ýylyň awgust aýynda Atambaýew derňewiň çäginde içeri işler ministrliginiň ýollan üç sany çakylygyna boýun bolmakdan ýüz öwürensoň onuň öýüne howpsuzlyk güýçleri iberilipdi. Kanun goraýjylar Atambaýewiň 2013-nji ýylda guramaçylykly jenaýat toparynyň ýolbaşçysyny türmeden boşatmak işine güman edilýän gatnaşygyny derňeýärdi.

Atambaýew iki günläp dowam eden ýaragly garşylykdan soň 8-nji awgustda tussag edilipdi.

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň we onuň tarapdarlarynyň görkezen garşylygy sebäpli howpsuzlyk güýçleriniň 47 ýaşly ofiseri wepat bolupdy we 170-den gowrak adam, şol sanda 79 kanun goraýjy ýaralanypdy.

XS
SM
MD
LG