Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Ukraina adatdan daşary ýagdaý girizmegi tassyklady; Putin halka ýüzlenýär


Orsýet 55 regionynda 658 sany tassyklanan wirus hassasynyň bardygyny, 29 adamyň bu keselden gutulandygyny aýtdy.
Orsýet 55 regionynda 658 sany tassyklanan wirus hassasynyň bardygyny, 29 adamyň bu keselden gutulandygyny aýtdy.

Dünýäde koronowirusdan ýogalanlaryň sany 19 müňe golaýlady, wirus ýokuşanlaryň sany 425 müňden geçdi.

AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.

Ukraina

Ukraina, wirus ýaýramagyny haýallatmak üçin, ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaý girizmegi tassyk etdi.

Hökümet 25-nji martda telewideniýede göni alnyp görkezilen mejlisinde adatdan daşary ýagdaýyň 30 günläp dowam etjekdigini aýtdy.

Mundan öň diňe Kiýewde hem-de käbir regionlarda adatdan daşary ýagdaý düzgüni yglan ediler diýlipdi.

Ýurt 113 adama wirusyň ýokuşandygyny, dört adamyň bu dertden ölendigini aýtdy.

Orsýet

Kreml, koronowirus ýokuşanlaryň sanynyň köpelmegi bilen, prezident Wladimir Putiniň gelýän sagatlarda ýurduň ilatyna ýüzlenjekdigini aýdýar.

25-njy martdaky habar Orsýetiň premýer-minisitri Mihail Mişustiniň region gubernatorlaryna hassahanalary koronowirus ýokuşan näsaglart üçin gyssagly taýýar etmegi buýran wagtyna gabat geldi.

Hökümet şu gün irden koronowirus ýokuşanlaryň sanynyň 495-deen köpelip, 658 bolandygyny habar berdi. Premýer-ministriň orunbasary Tatýana Golikowa häzir Orsýetiň 55 regionynda 658 sany tassyklanan wirus hassasynyň bardygyny, 29 adamyň bu keselden gutulandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol jemi 112 müň adama gözegçilik edilýändigini, olaryň özlerini üzňeleşdirendigini sözüne goşdy.

Mişustiniň duýduryşy Moskwanyň häkiminiň bir gün ozal Putine regionlaryň wirus ýokuşmasyna garşy durmak üçin ýeterlik derejede taýýarlyk görmeýändigini aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Sergeý Sobýanin Russiýada Ýewropa bilen deňeşdirilende wirus ýokuşmasynyň az tassyklanmagyny barlagyň ýeterlik geçirilmeýändigi bilen düşündirip, ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin çalasyn çäre görülmelidigini aýtdy.

Rus häkimiýetleri 25-nji marta çenli bu wirusdan ölen adam barada habar bermedi.

Geçen hepde 79 ýaşyndaky bir aýal Moskwanyň ýokanç keselliler hassahanasynda COVID-19 diagnozy astynda aradan çykdy.

Moskwa häkimiýetleri başda bu ölümiň wirus bilen baglydygyny aýtdylar, emma resmiler soň derrew ol näsagyň gan tokgalanmasyndan ölendigini, wirusdan ölmändigini öňe sürdüler.

Pakistan

Ýurtda tassyklanan wirus hassalarynyň sany 1 müň bolansoň, Pakistan ýurt içindäki ýolagçy uçarlarynyň ählisini togtadýandygyny aýtdy.

Içerki uçar gatnawlary 26-njy martdan togtadylar diýip, raýat awiasiýasynyň wekili Abdul Sattar Khokhar aýtdy.

Yslamabat mundan öň otly we halkara uçar gatnawlaryny togtadypdy.

Pakistanda wirus ýokuşandygy tassyklanan adamlaryň köpüsi başda goňşy Eýrandan dolanyp gelen zyýaratçylar boldy.

Emma muňa garamazdan, indi häkimiýetler hiç ýere syýahat etmedik adamlaryň içinde hem wirus ýokuşýanlaryň bardygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň Johns Hopkins uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, Pakistanda 25-nji marta çenli azyndan 1 müň adama wirus ýokuşandygy tassyklandy, bu keselden 7 adam öldi we 19 adam doly saplandy.

Eýran 25-njy martda ýene 143 adamyň koronowirusdan ölendigini, netijede, resmi ölüm sanynyň 2077 bolandygyny aýtdy.

Eýran

Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur soňky 24 sagatda biziň kärdeşlerimiz 2206 sany täze hadysany hasaba aldy, kesel ýokuşanlaryň umumy sany 27 müň 17 adam boldy diýdi.

XS
SM
MD
LG