Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistany terk etmek isleýän amerikanlary habarlaşmaga çagyrýar


28-nji martda AB|-a gitjek bolsaňyz, 26-nju martdan gijikmän bize ýüz tutuň diýip, ilçihana öz salgyny - AshgabatUSCitizen@state.gov- berýär.
28-nji martda AB|-a gitjek bolsaňyz, 26-nju martdan gijikmän bize ýüz tutuň diýip, ilçihana öz salgyny - AshgabatUSCitizen@state.gov- berýär.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistandaky amerikan raýatlarynyň şu hepde aýagynda guralmagy planlaşdyrylýan çarter uçarynda Birleşen Ştatlara gitmek mümkinçiligi hakynda habar berýär.

Döwlet departamenti 2020-nji ýylyň 19-njy martyndaky COVID-19 habarynda, COVID-19-yň global täsiri sebäpli, ABŞ raýatlaryna şu wagt ähli halkara syýahatyndan gaça durmagy maslahat berdi.

“Häzirki wagtda Aşgabatdan halkara uçar gatnawlary, şol sanda medisina ewakuasiýa uçuşlary hem ýok” diýip, Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň beýanatynda aýdylýar.

Eger döwlet şu hepdäniň aýagynda Türkmenistandan uçup, Birleşen Ştatlara barjak çarter uçuşyny planlaşdyrsa, biz aşakdaky maglumatlar esasynda özümiz bilen habarlaşan adamlara gidiş, çykdajy, töleg we uçuş jikme-jikliklerini ibereris diýip, beýanatda aýdylýar.

Ýakynda Türkmenistandan uçýan halkara ýolagçy uçarlarynyň hemmesiniň ýatyrylmagy sebäpli, biz ABŞ raýatlarynyň Türkmenistany terk etmegini berk maslahat berýäris diýip, ilçihana planlaşdyrylan çarter uçuşyndan soň halkara ýolagçy uçar gatnawlarynyň haçan başlajakdygyny bilmeýändigini habar berýär.

Türkmenistanda galmak ýa-da bu ýurtdan gitmek kararyna geleniňizde, bu täze maglumatlary göz öňünde tutmagyňyzy haýyş edýäris we eger-de eýýäm bize e-mail arkaly hat ibermedik bolsaňyz, şeýle-de hepde ahyrynda, 28-nji martda Birleşen Ştatlara gitmek kararyna gelen bolsaňyz, 26-nju martdan gijikmän bize ýüz tutuň diýip, Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasy öz salgyny - AshgabatUSCitizen@state.gov- berýär.

Eger-de türkmen hökümeti rugsat berse, bu uçar bilen ABŞ-da kanuny ýaşaýyş rugsady bolan türkmenistanlylar hem gidip biler diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG