Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Wuhan şäheri gaýtadan açylýar, dünýäniň beýleki ýurtlarynda COVID-19 hassasy köpelýär 


 Wuhan, 28-nji mart.
Wuhan, 28-nji mart.

Hytaýyň Wuhan şäheri, koronowirus pandemiýasynyň başlanan ýeri iki aýlyk ýapylyşdan soň gaýtadan açylmaga başlady. 28-nji martda käbir transport hyzmatlary, şeýle-de 11 mln ilatly şäheriň, merkezi Hubeý welaýatynyň paýtagtynyň serhetleri gaýtadan açyldy.

Hytaýda koronowirusdan ýogalandygy habar berlen 3,299 adamyň 3,177-si şu ýerde heläk boldy.

Emma muňa garamazdan, wirusy haýallatmak üçin görülýän çärelere garamazdan, dünýä ýüzünde COVID-19 ýokuşanlaryň sany 600 müň adamdan geçýär we ondan 27,800-den gowrak adamyň ýogalandygy habar berilýär.

Birleşen Ştatlarda, pandemiýanyň täze merkezinde kesel ýokuşanlaryň sany 104,837 boldy, 1,711 adamyň wirusdan ýogalandygy habar berilýär.

ABŞ-da ýerleşýän Jon Hopkins uniwersitetiniň hasaplamalaryna görä, 28-nji martyň başynda Ýewropada pandemiýanyň merkezi bolan Italiýada wirus ýokuşanlaryň sany 86,498 adam boldy, bu keselden 9,134 adam öldi.

XS
SM
MD
LG