Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda karantine garamazdan, toý geçiren adamyň garşysyna jenaýat işi açyldy


Özbegistanyň IIM-niň işgärleri koronawirus epidemiýasy barada ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.
Özbegistanyň IIM-niň işgärleri koronawirus epidemiýasy barada ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.

28-nji martda Daşkendiň Ýunusabat raýonyndan 55 ýaşly adam karantin çärelerine garamazdan, gyzynyň durmuşa çykmagy bilen baglanyşykly «Kyýow nawkar» diýilýän toý dabarasyny geçirdi. Toý dabarasyna öý eýesiniň ýakynlary hem giýew tarapynyň dostlary çagyrylypdyr.

Özbegistanyň IIM-niň maglumatyna görä, bu fakt boýunça respublikanyň Jenaýat kodeksiniň 275-nji maddasynyň 1-nji bölümi («Sanitar-epidemiologiýa kanun düzgünlerini ýa-da epidemiýa garşy göreşi bozmak») boýunça jenaýat işi açylypdyr.

Şol madda laýyklykda günäli hasaplanan adama eden jenaýatynyň agyrlygyna görä, 11,1 million sumdan, 22,3 million suma çenli, ýagny 1150-2300 amerikan dollary möçberinde jerime salnyp bilner. Şeýle hem bir ýyldan üç ýyla çenli azatlykdan çäklendirmek ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar.

Bu ýagdaýyň koronawirus epidemiýasy bilen baglanyşykly karantin wagtynda, Daşkentde ýüze çykan ilkinji hadysa däldigini bellemek gerek.

Geçen hepdede hem Azatlyk Radiosy Daşkent şäheriniň bir ýaşaýjysy ýurtda karantiniň yglan edilendigine garamazdan, köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň howlusynyň birinde toý geçirmäge synanyşandygyny habar beripdi.

Ol jaýyň ýaşaýjylary polisiýa arz edenlerinden soňra, toý geçirmek çäresi ýatyrylýar. Toýy gurnaýjy bilen karantin düzgünlerini bozmagyň jogapkärçiligi barada ýörite gürrüň geçirilýär.

Düzgüni bozujylara 1 million sumdan gowrak (ABŞ-yň 100 dollary) pul jerimesi salynýar.

Koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagy sebäpli Özbegistanda 16-njy martdan karantin başlandy.

27-nji martdan bolsa aýratyn zerurlyk bolmasa, Özbegistanyň ilatyna daşary çykmak gadagan edildi. Adamlar diňe azyk önümlerini ýa-da däri-derman satyn almak üçin, öýlerinden çykyp bilýärler.

Resmi maglumata görä, şu wagta çenli Özbegistanda 181 adamda koronawirusyň bardygy aýan edildi. Olardan 12 adam sagaldy, 2 adam bolsa ýogaldy.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy

XS
SM
MD
LG