Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda ilkinji koronowirus ölümi hasab alyndy, Täjigistanda we Türkmenistanda 'wirus näsagy ýok'


Gyrgyz migrantlary Moskwada COVID keselhanasyny gurýar.
Gyrgyz migrantlary Moskwada COVID keselhanasyny gurýar.

Ýurduň günortasyndaky Oş sebitinde koronowirus ýokuşandygy tassyklanan adam ýogalandan soň, Gyrgyzystan özüniň COVID-19-dan ölen ilkinji resmi pidasyny hasaba aldy.

Saglyk resmileri 3-nji aprelde 61 ýaşyndaky erkegiň, “ozaldan hem birnäçe çynlakaý derdi bolan” raýatyň daşary ýurda eden saparyndan yzyna dolanyp gelenden soň, näsaglygy sebäpli gözegçilik astyna alnandygyny aýtdylar. Ol soňra koronowirus barlagynda oňyn netije görkezdi we hassahana ýerleşdirildi.

“Dogrusyny aýtsak, ol jaýlananda, onuň garyndaşlarynyň hiç biri ol ýerde bolmady” diýip, etrap komandiri Malik Nurdinow hökümet tarapyndan girizilen adatdan daşary ýagdaý esasynda birnäçe şäheriň, şol sanda paýtagt Bişkegiň içinde adamlaryň hereket etmek mümkinçiliginiň çäklendirilendigini nazarda tutup aýtdy.

Gyrgyz resmileri merkezi aziýa ýurdunda hasaba alnan koronowirus hassalarynyň sanynyň 130-a ýetendigini aýtdylar.

Goňşy Gazagystanda, goranmak ministri Nurlan Ermekbaew 3-nji aprelde ätiýaçdaky harbylaryň müňlerçesiniň, koronowirusa garşy göreşde kömekleşmek we kärhanalaryň ýapylmagy zerarly işsiz galanlara ýardam bermek üçin, üç aýlyk harby gulluga çagyryljakdygyny aýtdy.

Nebite baý ýurduň saglyk resmileri 3-nji aprelde koronowirus näsaglarynyň sanynyň 448 bolandygyny, üç adamyň bolsa bu keselden ölendigini aýtdylar.

Merkezi Aziýanyň ýene bir ýurdy Özbegistanda koronowirus hassalarynyň sany 221 boldy. Bu ýerde wirusdan iki adam heläk boldy.

Regionyň beýleki iki ýurdunda, Täjigistanda we Türkmenistanda resmiler şu wagta çenli hiç bir koronowirus hassasyny hasaba almady.

XS
SM
MD
LG