Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspertler Hytaýyň koronawirus pidalarynyň sanyny azaldyp görkezýändigini aýdýarlar


Koronowirus görkezijileri
Koronowirus görkezijileri

Merkezi aňtaw gullugy Hytaýyň pesinden fewral aýyndan bäri koronawirus ýokuşan adamlaryň sanyny kän derejede azaldyp görkezýändigini aýdyp, Ak tama duýduryş berdi.

"Nýu-York Taýms" gazetiniň ýazmagyna görä, Hytaý her 100 müň adama alty töweregi koronawirus nasagynyň bardygyny habar berdi. Bu koronawirus keseliniň agyr zarba ýurtlary bolan Italiýada, Ispaniýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda hasaba alnan näsaglaryň sany bilen deňeşdirilende has az bolýar.

Jon Hopkins uniwersitetiniň toplan maglumatlar bazasyna görä, bütin dünýäde bu keseliň 1,1 milliondan gowrak adama ýokuşandygy, olardan 59 müň töweregi adamyň heläk bolandygy tassyklandy.

Şeýle-de, Jon Hopkins uniwersitetiniň gözegçiligine görä, ABŞ 3-nji aprel güni giçlik, soňky 24 sagadyň dowamynda COVID-19-dan 1500 töweregi adamyň ýogalandygyny hasaba aldy.

Bu pandemiýa başlaly bäri dünýäde 24 sagadyň içinde hasaba alnan iň kän ölüm boldy.

Şu aralykda, dünýäde iň köp zyýan çeken ikinji we üçünji ýurt bolan Italiýada we Ispaniýada ölenleriň sany artmagyny dowam etdirdi. Emma täze hadysalaryň sanynyň haýallamagy sebäpli iki ýurtda-da umyt köpeldi.

XS
SM
MD
LG