Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleri koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin öz ýaşaýan sebitlerinde nähili tagalla edýär?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany owgan türkmenleriniň koronawirusa garşy girişen göreşine gönükdirilýär.

Koronawirus global pandemiýasynyň fonunda, Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň jemgyýetçilik guramalary oňa garşy göreşmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek, wirusdan goranmak babatynda ilat arasynda, esasan sosial media arkaly, düşündiriş işlerine aktiw gatnaşýar.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany owgan türkmenleriniň koronawirusa garşy girişen göreşine gönükdirilýär.

Gepleşigimize Kabuldan Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myrady gatnaşýar. Owganystanda näçe adama kesel ýokuşdy? Etniki türkmenleriň ýaşaýan haýsy şäherleri wirusdan täsirlendi?

Owgan türkmenleriniň jemgyýetçilik guramalary, türkmen bileleşikleri ýurtda koronawirusa garşy nädip göreşýär?

Fewral aýynda goňşy Türkmenistan bilen Owganystanyň serhet geçelgeleriniň ýapylandygy barada maglumatlar peýda boldy, soňra bu serhediň açylandygy habar berildi. Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde esasan etniki türkmenler ýaşaýar. Serhediň açylyp ýapylmagy etniki türkmenlere nähili täsir ýetirýär?

Gepleşigimizde şu we beýleki soraglaryň jogaplary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Ony aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz!

Owgan türkmenleri koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin öz ýaşaýan sebitlerinde nähili çäre görýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


XS
SM
MD
LG