Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda koronawirus gaplaňda tapyldy


Malaziýaly gaplaň Nadýanyň COVID-19 testi pozitow netije görkezdi, Ýabany tebigaty goramak boýunça Bronksyň komitetiniň 5-nji aprelde çap eden suraty, 2020
Malaziýaly gaplaň Nadýanyň COVID-19 testi pozitow netije görkezdi, Ýabany tebigaty goramak boýunça Bronksyň komitetiniň 5-nji aprelde çap eden suraty, 2020

Nýu-Ýorkyň haýwanat bagynda gaplaňda koronawirus anyklandy. Bu ABŞ-da anyklanan koronawirus ýokaşan ýeke-täk haýwandyr.

Gaplaňa bu wirusyň haýwanat bagynyň simptomsyz kesellän işgärinden geçen bolmagy çak edilýär. Haýwanat bagynyň maglumatyna görä, şeýle-de, bu ýerde saklanýan ýene alty sany gaplaň we arslan keselläpdir, emma olaryň testleriniň netijeleri entek belli däl.

Haýwanat bagynyň test geçirmek kararyna gaplaňlaryň we arslanlaryň koronawirusa mahsus gurak üsgürmek we işdäsini ýetirmek ýaly alamatlary görkezip başlamagy sebäp bolupdyr.

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň weterinar bilermeni keseliň haýwandan adama geçmek mümkinçiliginiň entek subut edilmändigini belleýär.

Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça merkezi haýwanlary test etmegi maslahat bermeýär, şol bir wagtda haýwanlar bilen kontaktyny çäklendirmäge hem elleri ýuwmaga ündeýär.

Nýu Ýork ABŞ-nyň koronawirusdan iň köp ejir çekýän regiony bolup, bu ýerde 100 müňden gowrak adam COVID-19 bilen hasaba alnan.

XS
SM
MD
LG