Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Global ykdysadyýeti COVID-19 pandemiýasyndan zyýan çekýän döwründe Türkmenistan ösüşi yglan edýär


Aşgabat, mart, 2020

Türkmenistanyň hökümeti milli ykdysadyýetiň ýene ösüş görkezendigini yglan etdi.

3-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda öňe sürlen sanlara görä, ýylyň başyndan bäri umumy içerki önümçilik 6,3%, haryt önümçiligi 5,3%, maýda haryt dolanyşygynyň möçberi 19,8% göterilipdir.

Uly we kiçi edaralar boýunça ortaça aýlyk 10,1% artypdyr.

Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri edara-kärhanalaryň ençemesinde iş orunlary azaldyldy. Ýurtda koronawirusa garşy göreş bilen baglylykda girizilýän çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň dowamynda ýapylýan kärhanalaryň we işsiz galýan raýatlaryň sany hasam köpeldi.

​Bu ýagdaýda orta we kiçi biznese ýeňillikleri we kömegi wada beren prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümete inwestisiýalary çekmegi tabşyrdy, emma maýa goýumlary üçin göz öňünde tutýan çeşmelerini anyklaşdyrmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG