Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” owgan hökümeti bilen tussaglaryň alyş-çalşygy baradaky “netijesiz” gepleşikleri ýatyrdy


Kabuldaky "Pul-e-Çarhi" türmesindäki "Talyban" tussaglary. 14-nji dekabr, 2019 ý.

"Talyban" Owganystanyň hökümeti bilen tussaglaryň alyş-çalşygy baradaky gepleşikleri bozandygyny aýdýar. Bu gepleşikler Birleşen Ştatlaryň araçylyk etmegindäki parahatçylyk gepleşiklerinde esasy ädim hasaplanýar.

“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin 7-nji aprelde çap eden twitinde tehniki toparyň "netijesiz ýygnaklara" gatnaşmajakdygyny habar berdi.

Şahin owgan prezidenti Aşraf Ganiniň administrasiýasyny tussaglaryň boşadylmagyny “ol ýa-da beýleki bahana bilen” soňa goýmakda aýyplady.

Owganystanyň Kabuldaky Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Jawid Faýsal “Talybany” “bahanalar bilen prosese päsgel bermezlige” çagyrdy.

Owgan hökümetiniň resmileri “Talybanyň” soňky ýyllardaky iň ýowuz hüjümlere gatnaşygy bolan ýokary derejeli komandirleri boşatmagy talap edýändigini aýdypdylar.

Gepleşikleriň togtadylmagy ýurtda ýowuzlygyň möwjemegine getirip biler. Bu bolsa, 29-njy fewralda Kataryň paýtagty Dohada Birleşen Ştatlar bilen “Talyban” tarapyndan gol goýlan pakta laýyklykda, ABŞ-nyň goşunynyň ýurtdan çykmak planyna howp abandyryp biler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG